Arassa Nusga kompaniýasy sanly çözgütleri ulanmak arkaly maslahat beriş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär
31.03.2023 | 16:08 |Arassa Nusga – bu işewürligiň eýelerine innowasion gurallaryň kömegi bilen dürli meseleleri çömäge kömek edýän maslahat beriş kompaniýasydyr. Firma maslahat beriş hyzmatlarynyň giň görnüşlerini, şeýle hem IT-babatynda hyzmatlary üpjün edýär we LOGO ERP, AKINSOFT ERP we Bitriks24-iň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolup durýar.
Häzirki zaman işewürligi netijeliligiň pese düşmegine we ýitgä getirip bilýän köp sanly meselelere duçar bolup biler. Şeýle meseleleriň arasynda amallary ýerine ýetirmek üçin wagtyň ýerliksiz peýdalanylmagy, dolandyryş gurluşyndaky gapma-garşylyklary, satuwyň pes derejelerini we müşderileriň ygrarlylygyny, brendi tanamak bilen bagly meseleleri, maliýeniň hasabyny we gözegçiligini görkezmek bolýar.
Arassa Nusga bu meseleleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäni teklip edýär:
1.biznes-prosessleriniň optimallaşdyrylmagy,
2.guramaçylyk anyklamasynyň geçirilmegi,
3.satuwlary dolandyrýan guralyň işlenip düzülmegi,
4.ykjam goşundylaryň we web-saýtlaryň işlenip düzülmegi,
5.hasabatlaryň we seljeriş gurallarynyň awtomatlaşdyrylmagy,
6.hasabatlylygyň täze ulgamynyň giriizlmegi ýa-da bar bolan ulgamyň ahyryna çenli işlenilmegi,
7.taslamalary, kommunikasiýany we satuwlary dolandyrmak üçin Bitrix24 ornaşdyrylmagy,
8.işgärleriň ygrarlylygyny we işe goşulmagyny ýokarlandyrmak üçin okuwlary geçirmek we hünär saparlaryny gurnamak.
Arassa Nusganyň wezipesi — işgärleriň, menejerleriň we telekeçileriň öz kararlaryny obýektiw, ýoýulmadyk maglumatlara esaslandyrmaklary üçin guramanyň işinde aýdyňlyga ýetmäge kömek etmek.
Arassa Nusga kompaniýasy bilen şu aşakdakylar arkaly habarlaşyp bolýar:
E-poçta: info@arassanusga.com
Tel: (+993 12) 754799, (+993 61) 648605
Salgy: «Kendir» biznes-merkezi, G. Kulyýew k. 24, 744000, Aşgabat, Türkmenistan