Türkmenistanda importy we eksport ýeňilleşdirmek üçin Söwda maglumatlarynyň Portalyna badalga berildi
04.04.2023 | 02:06 |Türkmenistanyň Söwda maglumatlarynyň täze Portalyna şu gün Aşgabatda açylan ýurduň söwda toplumynyň sergisinde badalga berildi. Saýt kiçi we orta telekeçilige önümi eksport etmek, üstaşyr geçirmek we import etmek bilen baglanyşykly maglumatlary tiz we amatly görnüşde tapmaga kömek etmäge niýetlenendir.
«Biz portalyň söwda gatnaşyjylara, hususan-da — kiçi we orta kärhanalara —dürli söwda amallaryny amala aşyrmakda kömek etjekdigine, şeýle hem daşary söwdany has howpsuz etjekdigine garaşýarys» - diýip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanow Portalyň işe girizilmegine bagyşlanan metbugat maslahatda beýan etdi.
Onlaýn-paltformada sertifikatlaşdyrmaga, işi ygtyýarlandyrmaga we söwda amallaryny amala aşyrmak üçin gerekli bolan formalaryň we resminamalaryň 250-den gowrak nusgalary bardyr. Portal strategiki topardaky harytlaryň 25-ni we gümrük amallary üçin 418 kody gurşap alýar. Aýratyn üns oba hojalyk önümlerinde jemlenendir.
Platformany işläp düzmegi bilen ÝB-niň Ready4TradeMerkezi Aziýa taslamasy Halkara söwda merkeziniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Bütindünýa söwda guramasyna (WTO) agzalygyna ýardam etmek we öňe sürmek maksady bilen alnyp baryldy.
Portalda hödürlenen maglumat şu aşakdakylar üçin peýdaly bolar:
– eksport, import edijilere, gümrük brokerlerine, ekspeditorlara we ýük daşaýjylara,
– geljekdäki türkmen we daşary ýurt maýa goýumçylaryna,
– hökümetlere we halkara guramalaryna,
– alymlara we ylmy-barlagçylara.
ORIENT habarlar