Iň täze habarlar

Bakuda türkmen tagamy: Baku seýilgähindäki dostluk baýramçylygy we aşpezlik sungaty

15.10.2025 | 09:40 |
 Bakuda türkmen tagamy: Baku seýilgähindäki dostluk baýramçylygy we aşpezlik sungaty

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde meşhur Baku seýilgähinde Türkmenistanyň Milli pawiliony açyldy we deňiz kenary türki halklarynyň myhmansöýerliginiň öwüşginli merkezine öwürdi. Iki doganlyk ýurduň arasyndaky medeni we ruhy gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýän bu çäre hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bu ýerde milli aşhana we aýdym-saz sungatyna aýratyn orun berildi.

Bu pawilion köp sanly myhmanlar şol sanda iki ýurduň Medeniýet ministrleriniň orunbasarlaryny, diplomatik korpusyň agzalaryny we Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň wekilleri üçin özüne çekiji ýere öwrüldi.

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (1).jpg

Serginiň gastronomiki bölümi bu ýere gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şol ýerde Türkmenistanyň aşpez ussatlary milli tagamlaryň baý görnüşini taýýarladylar hem-de bu ýere gelen myhmanlara hödürlediler.

Myhmanlar lezzetli palawyň, şeýle hem beýleki adaty türkmen tagamlarynyň taýýarlanyşyna lezzet alyp tomaşa etdiler hem-de sonuňdan dadyp görmäge mümkinçilik aldylar. Bu ýere gelenler aşpezlik sergisiniň esasy pursatlary işjeň surata düşdüler.

Pawilýonyň açylyş dabarasyndan soň baýramçylyk bu ýerde gurnalan sahnada dowam etdi. Myhmanlar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baý many-mazmuna eýe bolan konsert maksatnamasyna gatnaşdylar. Tomaşaçylar iki halkyň ruhy we medeni ýakynlygyny ýene bir gezek görkezýän milli tanslardan, halk aýdymlaryndan we häzirki zaman kompozisiýalaryndan lezzet aldylar.

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (3).jpg

Pawilýonyň açylmagy, 15-nji oktýabra çenli dowam etjek Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň iň esasy wakalarynyň biri bolup, Bakunyň ýaşaýjylaryna doganlyk ýurdunyň baý medeni mirasy bilen has tanyşmaga mümkinçilik döreder.

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (8).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (7).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (9).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (10).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (12).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (4).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (11).jpg

azerbaidzhan-turkmenistan-dni-kultury-baku (5).jpg

ORIENT

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: