Iň täze habarlar

Rimde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergi açylar

08.09.2025 | 18:30 |
 Rimde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergi açylar

Türkmenistanyň baý taryhy mirasyna bagyşlanan sergi 2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Rimdäki Kapitoliý muzeýlerinde açylar. Ol «Türkmenistanyň gülläp ösüşi: bürünç eýýamyndaky Margiana we Parfiýa patyşalygy» adyny aldy.

Çäräni bilelikde gurnanlar: Roma Capitale, Sovrintendenza Capitolina ai Beniculturali, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, şeýle hem Italiýanyň ISMEO (Ortaýer deňzini we Gündogary öwrenmek baradaky Halkara birleşigi) we CRAST ylmy institutlary (Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlarynda arheologik barlaglar we gazuw işleri baradaky Turin merkezi).

Serginiň esasy bölegi häzirki zaman Türkmenistanyň çäginde b.e.öňki V–III asyrlarda ýaşap geçen Margiana medeniýetine bagyşlanar. Şeýle hem, Hazar deňziniň günorta-gündogaryndaky giň giňişliklerde, şol sanda häzirki Türkmenistanyň çäginde ýerleşen döwlet — Parfiýa patyşalygy barada ekspozisiýa görkeziler.

Bu serginiň geçirilmegi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2025-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň ISMEO we CRAST ylmy institutlary bilen baglaşan iki sany ylalaşygynyň netijesinde mümkin boldy. Çäre myhmanlara Türkmenistanyň taryhynyň we medeniýetiniň kemala gelmegine goşant goşan gadymy medeniýetler bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Foto: tourtrans.ru

Şeýle hem okaň: