Iň täze habarlar

Aşgabat şäherinde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi geçiriler

26.08.2025 | 10:50 |
 Aşgabat şäherinde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi geçiriler

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi geçiriler.

Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

Goşmaça maglumat üçin telefon belgileri:

+99312 39-19-20

+99312 39-19-21

Foto: minjust.gov.tm

Şeýle hem okaň: