Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde maslahat geçirildi

16.09.2025 | 11:33 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde maslahat geçirildi

Şu günler, eziz Diýarymyzda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna uly şowhun we agzybirlik bilen taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem, ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada geçirilýän maslahatlar we söhbetdeşlikler uly ruhybelentlige beslenýär.

Министерство связи Туркменистана.jpg

Şeýle maslahatlaryň biri hem, 15-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň guramagynda geçirildi.

Maslahata gatnaşýan myhmanlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny barada, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, Watan ähmiýetli işlerine öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Министерство связи Туркменистана.jpg

«Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda, innowasiýaly ykdysady ösüşiň iň öňdebaryjy ugurlaryna has giň orun berýän ýurdumyz täze sanly ösüşleriň we halkara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülýär. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli köpugurly, beýik işlere badalga bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň durmuşdaky orny uludyr» diýip, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Şeýle hem, maslahatda uly dabaralara beslenip gelýän şanly Garaşsyzlyk baýramyna türkmen halkynyň zähmet üstünlikleri bilen barýandygy bellenildi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: