Robotlaşdyrylan kurtka adamlara elleriniň doly dolandyryjylygyny gaýtaryp berýär
25.08.2025 | 17:30 |Garward barlaghanasynyň inženerlerinden we lukmanlaryndan düzülen topar, insult ýa-da BAS (gapdallaýyn amiotrofiki skleroz) ýaly kesellerden soň ellerini herekete getirip bilmeýän adamlara kömek edýän ýumşak robotlaşdyrylan kurtkany hödürledi. Adaty ýeňsiz ýaly görünýän enjam akylly sensorlary we maşyn öwreniş algoritmlerini ulanýar, hatda iň gowşak hereket niýetlerini hem tanap güýçlendirýär.
Kurtka her bir ulanyja görä uýgunlaşmagy öwrenýär: adamyň elini galdyrmak islegini 94,2% takyklyk bilen tanap, hereketi ahyryna çenli ýetirýär. Bu bolsa adamyň üçden bir az güýç sarp etmegine mümkinçilik berýär. Synaglaryň dowamynda birnäçe ýyl bäri özbaşdak iýip bilmeýän gatnaşyjylar bu işi ýerine ýetirmegi başardylar. Lukmanlar hem obýektiw gowulaşmany belläp geçdiler: hereketleriň amplitudasynyň ýokarlanmagy we göwre bilen baglanyşykly ygtyýarsyz hereketleriň azalmagy.
Bilermenleriň sözlerine görä, bu taslama diňe bir enjam däl, eýsem ýaşaýşyň täze derejesine we özbaşdaklyga gaýdyp gelmegiň möhüm ädimidir. Enjam her bir näsagyň aýratyn zerurlyklaryna görä uýgunlaşýar, bu bolsa ony saglygy netijeli dikeltmek üçin gymmatly gural edýär.
ORIENT