Iň täze habarlar

Dubaýda seýrek gülgüne göwher daşynyň ogurlanmagynyň öňüni aldylar

19.08.2025 | 13:20 |
 Dubaýda seýrek gülgüne göwher daşynyň ogurlanmagynyň öňüni aldylar

Dubaýyň polisiýasy agramy 21,25 karat we bahasy 25 mln dollar bolan seýrek gülgüne göwher daşynyň ogurlanmagynyň öňüni aldy. Bu barada Emirligiň WAM habarlar agentligine salgylanyp Mir24 habar berýär.

Hukuk goraýjylary bu seýrek daşyň ogurlanmagyny bir ýyldan gowrak meýilleşdiren jenaýat toparyny tussag edip bildi.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu göwher daşy öňdebaryjy gemmologiýa instituty tarapyndan sertifisirlenen hem-de özboluşly durylyga eýedir. Dünýäde agramy 21,25 karat bolan meňzeş göwher daşyny tapmak ähtimallygy bary-ýogy 0,01%.

Foto: sputnik.by

Şeýle hem okaň: