Iň täze habarlar

“Merkezi Aziýanyň bitewi sesi”: türkmen bilermeni sebitleýin umumylygyň Konsepsiýasy barada

15.08.2025 | 16:45 |
 “Merkezi Aziýanyň bitewi sesi”: türkmen bilermeni sebitleýin umumylygyň Konsepsiýasy barada

Daşkentde “Merkezi Aziýa — ynanyşmagyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň umumy giňişligi” — atly şygar bilen geçirilýän Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň VIII forumy (MABF) öz işini dowam etdirýär. Şu gün, forumyň ikinji güni Merkezi Aziýada sebitleýin umumylygynyň kemala gelmeginiň amaly ugurlaryna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

forum-tashkent-turkmenistan-regionalnaya-identichnost (8).jpg

Maslahatyň dowamynda Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar instituty tarapyndan taýýarlanan sebitleýin umumylygy kemala getirmegiň we berkitmegiň Konsepsiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy. Soňra Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan gelen bilermenler hem-de Finlýandiýanyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň we birnäçe halkara guramalaryň şol sanda BMG-niň öňdebaryjy analitikleriň gatnaşmagynda gyzgalaňly pikir alyşmalar boldy.

forum-tashkent-turkmenistan-regionalnaya-identichnost (2).jpg

Maslahatda çykyş edenleriniň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň bilermeni Bekdurdy Amansaryýew boldy. Öz çykyşynda ol häzirki dünýäde durnuksyzlygyň we özara ynamsyzlygyň giňden ýaýran döwründe sebitleýin umumylyk baradaky meseleleriň diňe medeni däl, eýsem strategik ähmiýete eýedigini nygtady.

Çykyş ediji Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözlerini mysal getiridi: “Merkezi Aziýa dünýä siwilizasiýasynyň esasy ojaklarynyň biridir. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň öňünde, toplumlaýyn köpugurly özara gatnaşyk ulgamy hökmünde sebitde bitewi syýasy, ykdysady we medeni giňişligi döretmek wezipesi durýar”.

forum-tashkent-turkmenistan-regionalnaya-identichnost (3).jpg

Türkmenistanly bilermen, sebitleýin umumylygy emele getirmek we pugtalandyrmak Konsepsiýanyň ara alnyp maslahatlaşylmagy – bu diňe bir beýanat mazmunly resminama däl, eýsem anyk hereketler üçin meýdançadygyny belledi. Bekdurdy Amansaryýewiň belleýşi ýaly, onuň gymmaty, her bir döwletiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bilen bir hatarda sebitiň taryhy we medeni bitewüligi ykrar etmekden, şeýle hem bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmekde erkinlik we deňhukuklyk esasynda amala aşyrylmagynda jemlenýär.

Konsepsiýanyň esasy ugurlary

Öz hasabatynda Bekdurdy Amansaryýew resminamanyň birnäçe möhüm ugurlarynyň üstünde giňişleýin durup geçdi:

Bilim we maglumat giňişligi. Ol bu konsepsiýanyň, okuw kitaplaryny we bilelikdäki ylmy neşirleri alyş-çalyş etmek arkaly umumy ynsanperwer ugurly giňişligi döretmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Munuň özi bolsa, onuň pikiriçe, “geçmişi bir görnüşde okamaga” mümkinçiliklerini döreder we bilelikdäki geljege ýol açar.

Medeni ýakynlaşma. Bilermen muny “birek-birege we özüň barada medeni nyşanlaryň dili arkaly gürleşmegiň simwoly” diýip häsiýetlendirdi. Bu ugurda bilelikdäki sergi taslamalary, medeni mirasy sanlylaşdyrmak we muzeýara hyzmatdaşlygyny ösdürmek möhümdir.

Ýaşlar bilen işlemek. Esasy üns ýaş nesli sebitleýin meýletinçilik we bilim maksatnamalaryna çekmäge gönükdirilendir. Munuň netijesinde ýaşlaryň “sebitleýin özboluşlylygy” emele geler.

Ynsanperwer we ykdysady taraplaryň utgaşdyrylmagy. Bekdurdy Amansaryýewiň nygtaýşy ýaly, umumylyk “janly we peýdaly” bolmaly we ykdysadyýet bilen ýakyndan baglanyşykly bolmaly, mysal üçin serhetüsti syýahatçylygy ösdürmek we sebitleýin brendleri öňe sürmek arkaly berk baglanyşykly bolmalydyr.

forum-tashkent-turkmenistan-regionalnaya-identichnost (4).jpg

Konsepsiýany durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň orny

Bilermen, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde sebitde özboluşly orny eýeleýändigini we dürli çemeleşmeleriň arasynda “köpri” hökmünde çykyş etmäge taýýardygyny nygtady. Ol ýurduň medeni we ynsanperwer başlangyçlara işjeň gatnaşýandygyny, şol sanda Sebitleýin medeni dialog merkezini döretmek pikirini öňe sürýändigini belläp geçdi.

forum-tashkent-turkmenistan-regionalnaya-identichnost (7).jpg

Şeýle hem Türkmenistan parahatçylykly ýaşaşmak we entiki toparlaryň arasyndaky ylalaşygy gazanmakda öz tejribesini ulanmaga, sebitiň ekologiýa taýdan umumylygy öňe sürmäge taýýardyr – ilkinji nobatda Aral meselesi we suw serişdelerinden durnukly peýdalanmak nukdaýnazaryndan.

Umuman, Türkmenistan diňe bir resminamanyň konseptual ýörelgelerini goldamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin infrastruktura, intellektual we diplomatik mümkinçilikleri hem hödürlemäge ukyplydyr. Bu ugurda anyk teklipler hem beýan edildi.

forum-tashkent-turkmenistan-regionalnaya-identichnost (5).jpg

Bekdurdy Amansaryýewiň pikirine görä, ara alnyp maslahatlaşylýan Konsepsiýa – bu Merkezi Aziýa üçin özboluşly siwilizasiýanyň nusgasy hökmünde özüni görkezmek üçin mümkinçilikdir. Türkmenistanly bilermen onuň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde sebite umumy ynanyşmak, parahatçylyk we özara düşünişmek äheňi bilen “dürli görnüşli garaýyşlarda bir ses bilen gürleşmäge” mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

1000072890.jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: