Türkmen syýahatçylaryna Boržomide sagaldyş dynç alşy hödürlenilýär
19.08.2025 | 12:30 |Le.Travel syýahatçylyk agentligi Türkmenistanyň raýatlary üçin ýörite teklip barada habar berýär. Bu bolsa Gruziýanyň ajaýyp kurortlarynyň birinde ýerleşýän Borjomi Palace şypahanasynda dynç alşy öz içine alýar.
Şypahana Boržominiň meşhur mineral suwlarynyň esasynda düzülen döwrebap bejeriş-sagaldyş maksatnamalary bilen tanalýar. Myhmanlara saglygyny berkitmek üçin dürli bejerişler, rahat ýaşaýyş şertleri, şeýle hem arassa howadan dem almak we sebitiň tebigy gözelligini synlamak üçin mümkinçilikler garaşýar.
Borjomi Palace şypahanasynda dynç alşy şypahana bejerişiň adaty usullaryny hem-de lukmançylykda we dikeldişde häzirki zaman tehnologiýalaryny özünde utgaşdyrýar. Syýahatçylar keselleriň öňüni almak, immuniteti berkitmek we ýaşaýyş güýçlerini dikeltmek boýunça maskatnamalaryny geçip bilerler.
Le.Travel kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Gruziýanyň kurortlaryna Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan bildirilýän gyzyklanma barha artýar, Borjomi Palace şypahanasynda dynç almak teklibi bolsa saglyk we syýahat utgaşmasyny gözleýänler üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.
Agentligiň Aşgabatdaky edaralarynyň salgysy:
“Ak Altyn” işewürlik merkezi, 2-nji gat.
“Berkarar” söwda merkezi, 1-nji gat.
“Aşgabat” SDAM.
Lebap welaýatynda:
Türkmenabat ş., “Lebap söwda Merkezi”
Telefon belgileri: (+99363) 17-55-57;
TikTok: @le._travel.tm;
Instagram: @le.travel.tm
Ozal habar berşimiz ýaly, Le.Travel sentýabr aýynda Wýetnama syýahat etmäge çagyrýar.