Iň täze habarlar

Türkmenistanda 1-nji sentýabra taýýarlyk: mekdep formasy näçä düşer?

19.08.2025 | 13:05 |
 Türkmenistanda 1-nji sentýabra taýýarlyk: mekdep formasy näçä düşer?

Türkmenistanda mekdep okuwçylary hem-de olaryň ene-atalary 1-nji sentýabra taýýarlyk görýärler. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep bazarlary açyldy. Ýurt boýunça olaryň sany 400-den geçýär.

Mekdep bazarlarda ene-atalar depder-galamlardan başlap mekdep formasyna çenli okuw üçin ähli gerekli zatlary satyn ayp bilerler. Gyzlar üçin mekdep formasy ýaşyl köýnekden, ak öňlükden, penjekden, aýakgapdan we milli tahýadan ybarat. Şeýle egin-eşik toplumy 500 manada golaý düşer diýip, Mir24 habar berýär.

Oglanlar üçin hem kostýum-balakdan, galstukdan, kemerden, tahýadan we aýakgapdan ybarat toplumyň bahasy hem edil şonuň ýalydyr.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: