Iň täze habarlar

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy JLPT synagyna gatanşamk üçin arzalaryň kabul edilýändigi barada habar berdi

19.08.2025 | 15:07 |
 Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy JLPT synagyna gatanşamk üçin arzalaryň kabul edilýändigi barada habar berdi

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu ýyl ikinji gezek geçirilýän Japanese-Language Proficiency Test (JLPT) synagyna arzalaryň kabul edilýändigi barada habar berdi. Hasaba alnyş 25-nji awgustan 1-nji sentýabra çenli geçiriler.

Ýapon dil bilimini bahalandyrýan bu synag 2025-nji ýylyň 7-nji dekbrynda geçiriler. Ähli isleg bildirýänler anketalary we amaly sorag nusgalaryny Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda alyp bilerler. Şeýle hem JLPT resmi saýtynda arzalaryň nusgasy ýükläp almak üçin elýeterlidir: jlpt.jp.

Guramaçylaryň bellemegine görä, JLPT synagy halkara derejesinde ykrar edilen synag bolup, onuň netijeleri hem ýapon uniwersitetlerine girilen ýagdaýda, hem-de Ýaponiýanyň we onuň daşyndaky kompaniýalara işe girilende hasaba alynýar.

Synag talyplara we ýapon dilini öwrenýänleriň ählisine öz bilimlerini we üstünliklerini görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berýär.

Foto: Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: