Iň täze habarlar

Hyzmatdaşlygyň täze ugry: MABF Merkezi Aziýa bilen Demirgazyk Ýewropanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça köprini gurýar

15.08.2025 | 18:05 |
 Hyzmatdaşlygyň täze ugry: MABF Merkezi Aziýa bilen Demirgazyk Ýewropanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça köprini gurýar

Daşkentde öňdebaryjy analitikleri, diplomatlary we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlän VIII Merkezi Aziýanyň bilermenleiniňr forumynyň (MABF) meýdançasynda möhüm bir tegelek stol maslahaty geçirildi. Çekişmäniň temasy — “Merkezi Aziýa – Demirgazyk Ýewropa” hyzmatdaşlygynyň ösüş mümkinçilikleri” — derrew ýokary äheňe eýe boldy we tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döretdi.

Ara alyp maslahatlaşma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistaniň we Özbegistanyň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň bilermenleri, şeýle hem Finlýandiýadan we Daniýadan gelen professorlar we alymlar gatnaşdy. Resmi ýagdaýdan daşda bolsa-da, ýöne çuňňur analitik mazmuna eýe bolan bu duşuşyk, sebit we halkara bilermenleriniň täze ösüş nokatlaryny tapmak üçin tejribäniň birleşmeginiň aýdyň mysaly boldy.

caef-centralnaya-aziya-severnaya-evropa (8).jpg

Umumy gyzyklanmalary tapmaga bagyşlanan birinji sessiýada çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymy Döwletmyrat Mämmedow bar. Onuň çykyşynda hyzmatdaşlygyň bu täze görnüşini ösdürmek üçin konseptual ýol kartasy hödürlenildi.

Bilermeniň bellemegine görä, ählumumy durnuksyzlyk we tehnologik ösüşiň çalt depgininiň şertlerinde, täze durnukly hyzmatdaşlyk görnüşleriniň zerurlygyny artdyrýar. Onuň pikiriçe, Merkezi Aziýa bilen Demirgazyk Ýewropanyň arasynda dialog geçirmek uly mümkinçilige eýedir. Sebäbi geografik tapawutlara garamazdan, bu sebitleri durnukly ösüş, pragmatizm we innowasiýalara ymtylma ýaly umumy gymmatlyklar birleşdirýär.

caef-centralnaya-aziya-severnaya-evropa (9).jpg

Döwletmyrat Mämmedowyň belleýşi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlyk sebitiň ýurtlary bilen Demirgazyk Ýewropanyň arasynda eýýäm işjeň ösdürilýär. Ol Gazagystanyň we Özbegistanyň sanlylaşdyrmak, ekologiýa we ýaşyl tehnologiýalar pudagyndaky taslamalaryny mysal hökmünde belledi.

Türkmen bilermeni bu ugurdaky hyzmatdaşlykda öz ýurdunyň ornuna aýratyn üns berdi. Onuň bellemeginä görä, “Demirgazyk” formatda çäkli gatnaşyklara garamazdan, Türkmenistanyň Baltika döwletleri bilen gatnaşyklaryny ösdürýändigini we Merkezi Aziýany Demirgazyk we Günbatar Ýewropa bilen birleşdirýän Hazarüsti halkara ugryny işjeň ulanýar. Bu onuň sözlerine görä mundan beýläk-de integrasiýa üçin berk esas bolup durýar.

caef-centralnaya-aziya-severnaya-evropa (3).jpg

Hasabat beriji öz seljermesinde hyzmatdaşlyk üçin hereketlendiriji güýje öwrülip biljek birnäçe möhüm ugurlary kesgitledi:

Ýaşyl ykdysadyýet: Taraplaryň ikisi hem tebigy baýlyklara bolan garaşlylygy azaltmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek isleýär.

Sanlylaşdyrma we innowasiýalar: Skandinawiýa ýurtlary “akylly” infrastukturany we sanly döwlet dolandyryşyny döretmekde tejribesini paýlaşmaga taýýar. Bu bolsa Türkmenistan üçin örän möhüm ugurdyr.

Ynsanperwer we ylmy hyzmatdaşlyk: Talyp alyş-çalşygy we bilelikdäki ylmy gözlegler üçin uly mümkinçilikler bar.

Logistika we ulag: TRACECA ýaly geçelgeleri ösdürmek maýa goýumlary we ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär.

caef-centralnaya-aziya-severnaya-evropa (7).jpg

Amaly teklipler hökmünde Türkmenistanyň wekili bilermenler we işewürlik meýdançasy bolup hyzmat etjek Demirgazyk formatynyň Durnukly ösüş boýunça geňeşi döretmegi teklip etdi. Şeýle hem ol işewür forumlaryň we akademiki simpoziumlaryň yzygiderli geçirilmegini goldaýandygyny aýtdy. Bu çäreler göni gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam edip biler.

Çykyşynyň ahyrynda Döwletmyrat Mämmedowyň belleýşi ýaly “Merkezi Aziýa – Demirgazyk Ýewropa” formaty ýaňy kemala gelip başlasa-da, ol täze, deňagramly halkara gatnaşyklar üçin kuwwatly mümkinçilige eýedir. Türkmenistan üçin bolsa bu diňe bir täze hyzmatdaşlyk zynjyrlaryna goşulmak mümkinçiligi bolman, eýsem, ähli halklaryň bähbitlerine laýyklykda ykdysady ösüşi öňe sürýän dünýä gurluşynyň döredilmegine goşant goşmak mümkinçilikdir.

caef-centralnaya-aziya-severnaya-evropa (6).jpg


Şu gün, 15-nji awgustda tamamlanan MABF-de geçirilen ara alyp maslahatlaşmalar sebitdäki kärdeşleriň we daşary ýurtly bilermenleriň açyk pikirleri we netijeleri alyşyp bilýän şeýle duşuşyklaryň möhümdigini ýene bir gezek tassyklady. Olar bolsa soňlugy bilen ýokary derejeli syýasy duşuşyklarda peýdalanylyp bilner.

caef-centralnaya-aziya-severnaya-evropa (2).jpg

Bu hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň öň syrasynda Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň esasy gymmatlydyr. Bu ýylda ol duşuşyk Daşkentde geçiriler we bilermenleriň forumda başyny başlan işleriniň şübhesiz, ýurduň ýolbaşçylarynyň derejesinde ara alyp maslahatlaşmak üçin berk esas bolar.

caef-centralnaya-aziya-severnaya-evropa (11).jpg

Bekdurdy AMANSARYÝEW

TÜRKMENISTANYŇ DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: