Iň täze habarlar

«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynda IT-hünärmeni boş iş orny açyk diýlip yglan edildi

18.08.2025 | 17:15 |
 «PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynda IT-hünärmeni boş iş orny açyk diýlip yglan edildi

«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky wezipä işe kabul etmek üçin degişli talaplara laýyk gelýän tejribeli dalaşgärleri çagyrýar.

Wezipe: hünärmen (IT hyzmatlaryny meýilleşdirmek we ösdürmek)

Iş ýeri: Aşgabat şäheri

Bildirilýän talaplar: ähli dalaşgärler aşakdaky barada doly maglumatlary we degişli resminamalary tabşyrmaly:

Bilim: inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, kompýuter ylymlary boýunça ýokary bilim ýa-da şoňa deň derejeli bilim.

Iş tejribesi: degişli ugurda azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly; iri nebitgaz kompaniýalarynda IT taslamalaryny dolandyrmak, býujetleri we meýilnamalary işläp düzmek hem-de olara gözegçilik etmek, çykdajylara gözegçilik çärelerini ornaşdyrmak we yzarlamak, gepleşikleri geçirmek we şertnamalary dolandyrmak, hyzmatlary netijeli üpjün etmek ýaly başarnyklary bolmaly.

Diller: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin geplemek we ýazmak.

Başarnyklar: MS Office programmalaryny (MS Teams, MS Word, MS Excel, MS PowerPoint) bilmek.

Anketalary «PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan alyp bilersiňiz. Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., S.Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B blok).

Doldurylan anketalar «PC(T)SB» kompaniýasyna tabşyrylmaly ýa-da elektron poçta arkaly recruitment.tm@petronas.com.my salgysyna, bildiriş çap edilen gününden başlap 2 hepdäniň dowamynda ugradylyp bilner. Anketada dalaşgäriň ady, familiýasy, atasynyň ady we elektron poçta arkaly iberýän hatyňyzda dalaş edýän wezipäňizi görkezmeli. Diňe kompaniýanyň talaplaryna laýyk gelýän tejribeli dalaşgärler saýlanyp, söhbetdeşlige çagyrylar.

Bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi.

Foto: bizasean.com

Şeýle hem okaň: