Iň täze habarlar

Google Translate-da täze dil öwreniş funksiýasy peýda boldy

17.08.2025 | 18:00 |
 Google Translate-da täze dil öwreniş funksiýasy peýda boldy

Google Translate programmasynda «Practice» («Tejribe») atly täze funksiýa peýda boldy, ol hyzmaty dilleri öwrenmek üçin hakyky guralyna öwürýär. Häzirki wagtda bu mümkinçilik ýapyk beta-test görnüşinde bolup, diňe çäkli ulanyjylara elýeterlidir.

Funksiýa şahsylaşdyrylan sapaklary hödürleýär: ulanyjy öz dil bilim derejesini (başlangyçdan öňdebaryjy derejä çenli) saýlap biler we dürli türgenleşik ýagdaýlaryny saýlamak mümkinçiligi bar, mysal üçin «Iýmit we içgiler» ýa-da «Ýoly nähili soramaly». Sapaklar raund görnüşinde geçýär, hersinden soň bolsa kynçylyk derejesini sazlap bolýar. Ulgam ösüşe gözegçilik edýär we höweslendirmek üçin gündelik wezipeler teklip edilýär.

«Tejribe» interfeýsi eýýäm iňlis, fransuz, ispan we portugal dillerinde elýeterli, ýöne häzirki wagtda türgenleşik diňe fransuz ýa-da ispan dilinde alnyp barylýar. «Synag möhleti» baradaky ýazgylardan çen tutsaň, geljekde Google bu funksiýany tölegli etmegi ýa-da ony öz emeli aň abunasynyň birine goşmagy mümkin.

ORIENT

Foto: androidauthority.com

Şeýle hem okaň: