Iň täze habarlar

Owganystan Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda sebitleýin ulag merkezine öwrülmegi maksat edinýär

18.08.2025 | 21:25 |
 Owganystan Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda sebitleýin ulag merkezine öwrülmegi maksat edinýär

Owganystandaky ulag infrastrukturasy boýunça täze taslamalar, Türkmenistan we sebitdäki beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda esasy üstaşyr geçiriji merkezi hökmünde ornuny güýçlendirmegi wada berýär. Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň beren maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurduň demir ýol ulgamy işjeň ýagdaýda giňeldilýär, bu bolsa tutuş Merkezi we Günorta Aziýa üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmen tarapy üçin Turgundy portuny giňeltmek boýunça taslamasynyň aýratyn ähmiýeti bar. Türkmenistan bilen eýýäm bahasy 5 million ABŞ dollaryna deň bolan ylalaşygy gol çekildi we bu möhüm serhet nokadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň ýakyn wagtda durmuşa geçirilip başlanmagyna garaşylýar. Bu başlangyç Owganystany Türkmenistan bilen Akina we Turgundy serhet portlary, şeýle hem Özbegistan we Eýran bilen birleşdirýän demir ýol şahalaryny öz içine alýan has giň gerimli integrasiýa strategiýasynyň bir bölegidir.

Mundan başga-da, Owganystan Gazagystan bilen demir ýollaryň gurluşygy boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdi, şolardan biri Turgundy – Hyrat ugrudyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň günbatar sebitlerini Türkmenistanyň ulag ulgamy we ondan aňryk – halkara bazarlary bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Ykdysadyýetçiler bu ädimleriň Owganystana doly hukukly üstaşyr geçiriji merkeze öwrülmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýarlar, bu bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ýurt üçin aýratyn möhümdir. Analitikleriň bellemegine görä, Owganystan bilen söwdany ösdürmekde demir ýollar ileri tutulýan ugurdyr, sebäbi ýurduň geografiki ýerleşişi oňa sebitleýin we dünýä üpjünçilik zynjyrlarynda möhüm halka öwrülmäge mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda ýükleriň çalt we amatly daşalmagyny üpjün etjek täze, döwrebap logistiki gurluşyň döredilmeginde möhüm ädim bolýar.

Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministrligi ýekşenbe güni beren beýanatyna görä, soňky bir hepdäniň dowamynda ýurduň demir ýol ugurlary arkaly 87 783 tonna haryt daşaldy. Bu ýükleriň esasy bölegi — 55 müň tonnadan gowragy Haýraton porty arkaly geçirilipdir. Akina portundan 8 müň tonnadan gowrak, Turgundy arkaly 13 müň tonnadan gowrak, Haf–Hyrat demir ýol geçelgesi boýunça bolsa takmynan 11 200 tonna daşalypdyr – bu barada Kabul Times ýazýar.

Beýanatda daşalan harytlaryň düzümine nebit önümleri, nebite degişli däl harytlar we beýleki söwda önümleri girýändigi, şeýle hem umumy möçberden 197 tonnanyň eksport bolup, guradylan miweleri we nar şiresini öz içine alýandygy aýdylýar.

Ministrlikde bellenilişi ýaly, demir ýol arkaly daşalýan harytlar bilen eksportyň möçberiniň artmagynyň iş orunlarynyň döremegine, girdejileriň ýokarlanmagyna we ykdysady özbaşdaklyga tarap ädim edilmegine gönüden-göni goşant goşýar hem-de ýük daşamak şertlerini gowulandyrmaga we telekeçilere has gowy amatlyklary döretmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: