Iň täze habarlar

Pekinde ilkinji Bütindünýä robot-gumanoidleriň oýunlary tamamlandy

19.08.2025 | 10:30 |
 Pekinde ilkinji Bütindünýä robot-gumanoidleriň oýunlary tamamlandy

Pekinde taryhda ilkinji gezek geçirilýän Bütindünýä robot-gumanoidleriň oýunlary tamamlandy. Oýunlar 15-nji awgustda başlap, 2022-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan bäri tanalýan Milli konkili typma sport arenasynda geçirildi. Çärä 15 ýurtdan 280-den gowrak topar gatnaşdy. Olaryň arasynda öňdebaryjy hytaý kompaniýalary, uniwersitetli alymlar we bütin dünýäniň höwesjeňleri bardy.

1

Oýunlaryň maksatnamasy 26 ugur boýunça 487 ýaryşy öz içine aldy. Robotlar ylgamak, boks we tennis ýaly adaty sport görnüşleri hem-de myhmanhana otaglaryny arassalamak, materiallary görnüşlerine görä bölmek we ammar amallaryny ýerine ýetirmek ýaly amaly ýumuşlar boýunça öz aralarynda ýaryşdylar. Ýaryşlaryň aýratynlygy wizual tanamak algoritmleri bolan doly awtonom robotlaryň hem-de 5G-A ulgamy arkaly uzak aralykdan dolandyrylýan modelleriň gatnaşmagy boldy. Oýunlaryň esasy maksady gumanoidleriň hakyky durmuşda amaly peýdalaryny ýüze çykarmak boldy.

2

Hytaýda şeýle çäreleriň geçirilmegi robototehnika bolan ählumumy gyzyklanmasyny açyp görkezýär. Bu trend ýakynda geçirilen wakalar bilen hem tassyklanylýar: ABŞ-da gumanoidleriň arasynda ilkinji söweş ligasy döredildi, Hytaýda bolsa emeli aň tarapyndan dolulygyna dolandyrylan robotlaryň gatnaşmagynda futbol duşuşygy geçirildi.

ORIENT

Foto: infocity.tech

Şeýle hem okaň: