Sankt-Peterburgda “Arkalaşygyň intellektual kody” atly maslahaty geçiriler
04.08.2025 | 16:55 |Sankt-Peterburgda 2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda GDA gatnaşyjy-ýurtlarynyň Halkara ylym-bilim maslahaty geçiriler. “Arkalaşygyň intellektual kody” atly forum GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy we RF-iň Federasiýa Geňeşi tarapyndan guralyp, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasynda geçiriler.
Maslahatyň maksady – ylym we bilim babatda iň gowy tejribeleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem GDA ýurtlarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitlemekdir.“Arkalaşygyň intellektual kody” forumy alymlaryň, mugallymlaryň, bilermenleriň, häkimiýet we işewürlik wekilleriniň, şeýle hem ýaş alymlaryň arasyndaky dialog üçin meýdança bolar. Forumyň Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ýola goýlan ylmy we intellektual gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine garaşylýar.
Häzirki wagtda işewürlik maksatnamasynyň üstünde işlenilýär. Ol öz içine umumy mejlisleri, bölümçe maslahatlaşmalaryny, taslama sergilerini, ussatlyk sapaklaryny we okuwlary alar. Malsahata gatnaşmak üçin resmi saýtda bellige alynmaly. Hasaba alnyşyk 27-nji oktýabra çenli dowam eder.
ORIENT