Möhüm düzedişli we täze format bilen WinRAR 7.13 çykdy
03.08.2025 | 13:30 |Iýul aýynyň ahyrynda Linux, macOS, Windows, Android we FreeBSD üçin elýeterli bolan meşhur arhiwator WinRAR 7.13 we RAR 7.13 resmi taýdan çykdy. Täzelenişiň esasy üýtgeşmeleri howpsuzlyk we ýalňyşlyklaryň ýok edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Faýl çykarylan wagtynda kataloglardan aýlanyp geçmäge mümkinçiligi berýän açyklyk düzedildi, şeýle hem köne gysma profilindäki sazlamalary dikeltmek we nädogry dikeldiş ölçegler ýaly ýalňyşlyklar düzedildi.
Täze RAR7 formaty, 7-Zip-de ulanylýan LZMA2 bilen deňeşdirilende, has ýokary gysma tizligini üpjün edýär. Munuň bilen birlikde, arhiwi dikeltmek üçin maglumatlary we faýllaryň üýtgedilen wagty bilen bir hatarda, döredilen wagty we soňky açylan wagty saklamak ýaly özboluşly aýratynlyklary goldaýar.
Täze wersiýa çykarylan bolsa-da, önümçiligiň ösmegi dowam edýär. Soňky maglumatlara görä, ulanyjylar her aýda 10 müňe ýakyn WinRAR ygtyýarnamasyny satyn alýarlar. Şol bir wagtyň özünde, 2022-nji ýyldan başlap, Windows XP üçin goldawyň çäklendirilendigini belläp geçmek zerur, emma Rar.exe konsol wersiýasy häzirki we has soňky operasion ulgamlarda işleýär. 2023-nji ýylyň awgustynda işläp taýýarlaýjylar möhüm açyklygyň ýok edilmegi üçin 6.23 täzelenmesini çykardylar.
ORIENT