Iň täze habarlar

Hytaýyň Arşan şäheri ekologiýa syýahatçylygynyň we medeniýetara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi

05.08.2025 | 14:20 |
 Hytaýyň Arşan şäheri ekologiýa syýahatçylygynyň we medeniýetara hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi

Içerki Mongoliýa awtonom sebitinde Arşan şäheri ýerleşýär. Bu özboluşly serhetýaka şäheri möhüm medeniýetara köprüsine öwrüldi. Onuň ady mongol dilinden terjime edilende “keramatly melhem suwlary” aňladýar we doly manyda onuň mazmunyny açyp görkezýär. Tokaýlyklaryň we çäksiz sähralyklaryň serhedinde tebigatyň özi hakyky jülgäni döredip, onuň ýüzden köp melhem mineral çeşmeleri bar. Kiçi ölçeglerine we 28,6 müň adam ilat sanyna garamazdan, Arşan syýahatçylar üçin özüne çekiji merkeze we halkara hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrüldi.

1

Arşanyň ösüşi giň gerimli özgertmeleriň esasynda bolup geçdi. Bir wagtlar ol iri tokaý senagaty merkezi bolupdy, emma tokaýlary goramak boýunça maksatnamasy güýje girizilenden soňra, şäher daşky gurşawy gorama gönükdirildi. Şu gün Arşanyň 80 % çägi tokaýlardan ybarat bolup, ol ýabany tebigat üçin mekan boldy hem-de ekologiýa syýahatçylygynyň nusgawy şäherine öwrüldi. Bu ajaýyp ýer goňşy Mongoloýadan gelýän myhmanlary özüne çekýär. Olar bu ýere “sagaldyş syýahatçylyk” üçin gelýärler. Gyzgyn çeşmeler, arassa howa we ajaýyp manzaralar Arşany meşhur şähere öwürip, serhet geçelgesini bütin ýylyň dowamynda açyk goýmaga mümkinçilik berdi.

2

Arşanyň gözelligi diňe bir tebigat bilen çäklenmeýär. Şäher janly medeniýet çatrygyna öwrüldi. Bu ýerde Hytaýyň, Mongoliýanyň we Russiýanyň däp-dessurlary utgaşýar. Bu bolsa onuň Russiýa we Ýewropa stiline mahsus bolan ýiti üçekleri bolan jaý binagärliginde aýdyň görünýär. Ýagny bu ýerde ýewropa şalgamy myhmansöýerligiň alamaty bolan özboluşly “lýuke” (hytaýça aýdylanda, “myhmany saklaň”) gutaplaryna öwrüldi. Şäher yzygidreli festiwallar, sport ýaryşlary we aýdym-saz konsertleri üçin meýdança hökmünde hyzmat edip, adamlary birleşdirýär we halklaryň arasyndaky dostlugy berkidýär.

3

Hyzmatdaşlyk medeniýetiň çäginden çykyp, Arşan şäheriniň ekologiýa taslamalarynda, hususan-da, “Milliard bagy ekmek” mongol maksatnamasynda esasy ornunyň eýelemegine getirdi. Hwoýa ýapraklay ýaly sowuga garşy durnukly ýerli bag görnüşleri bolup, Mongoliýanyň agyr howa şertlerinde eko ulgamlary dikeltmek üçin iň gowy hasaplanylýar. Şeýlelikde, bu kiçijek şäher tebigatyň we adamlaryň bile işläp, tutuş sebit üçin ýagty geljegiň döredilýän uly meýdançasyna öwrüldi.

ORIENT

Foto: Global Times Online

Şeýle hem okaň: