Türkmenistan we Eswatini resmi taýdan diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdular
06.08.2025 | 12:45 |2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistan we Eswatini Patyşalygy resmi diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdular. Resminama Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäkerinde Eswatini Patyşalygynyň gatnaşmagynda gol çekildi.
Beýannama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Eswatini Patyşalygynyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Folile Şakantu gol çekdiler.
Bu ylalaşyk täze hyzmatdaşlyk sahypasyny açýar. Türkmenistan energetika, oba hojalygy we durnukly ösüş babatda tejribe alyşmakda uly mümkinçilikleri görýär. Iki ýurt hem BMG-niň we Goşulyşmazlyk hereketiniň agzalary bolup durýar. Munuň özi halkara arenada hyzmatdaşlyk üçin berk esas döredýär.
ORIENT