Iň täze habarlar

Türkmenistan we Estoniýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi

06.08.2025 | 11:12 |
 Türkmenistan we Estoniýa Respublikasy özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmekçi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Estoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler we ösüş boýunça orunbasary Mariin Ratnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha berdiler.

Halkara düzümleriň, hususan-da BMG we ÝB-niň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Eston tarapy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini nygtady.

Hususan-da sanlylaşdyrma pudagynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Mundan başga-da, diplomatlar sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we bitarap syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk bellenildi.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: