Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Mubarak Ajilan Al-Kuwari bilen duşuşyk geçirdi

06.08.2025 | 18:05 |
 Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Mubarak Ajilan Al-Kuwari bilen duşuşyk geçirdi

6-njy awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Konferensiýalary guramak boýunça hemişelik komitetiniň ýerine ýetiriji müdüri Mubarak Ajilan Al-Kuwari bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti şeýle hem Türkmenistanyň Şanly Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara çäreler barada giňişleýin belläp geçdi.

Mundan başgada, Katarda geçiriljek halkara maslahatlaryň guramaçylyk-protokol işleri boýunça degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy

Şeýle hem okaň: