Iň täze habarlar

32 ýurt üçin aýgytly pursat: BMG we Türkmenistan Hereketleriň Awaza maksatnamasyny işe girizýär

05.08.2025 | 17:25 |
 32 ýurt üçin aýgytly pursat: BMG we Türkmenistan Hereketleriň Awaza maksatnamasyny işe girizýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahaty geçirilýär. Bu abraýly forumyň köpsanly wekilleri şeýle ýurtlara (LLDC - Landlocked developing countries) özüniň geografiki ýerleşişi zerarly ýüzbe-ýüz gelýän kynçylyklary ýeňip geçmek üçin çözgütleri tapmaga Hazaryň türkmen kenarynda ýygnanyşdylar.

Mejlisiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň başlygy hökmünde ähli ýygnanşanlary garşylady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş, howanyň üýtgemegine garşy göreş we ekologiýa meselelerini, şol sanda Aral deňziniň gurmagy hem-de iň iri ýapyk suw howdany bolan Hazaryň ýalpaklanmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek babatda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary barada beýan etdi.

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutteriş gatnaşyjylary geografiýanyň durmuşy kesgitlemeýän garaýşy ileri tutmaga çagyrdy.

Afrikada, Aziýada, Ýewropada we Günorta Amerikada ýerleşýän hem-de deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurt ýokary söwda päsgelçilikleri, ýokary ulag çykdajylary we global bazarlara çäkli çykalgalar ýaly howply kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz gelýärler diýip, Baş sekretar belledi. Bu bolsa marginalizasiýa getirýän düýpli deňziligiň mysaly diýip, Baş sekretar aýdyp, şeýle ýagdaýy häzirki zaman özara baglanyşykly dünýäniň hakykatlaryna laýyk gelmeýän adalatsyz global ykdysady we maliýe arhitekturasy we kolonializmiň mirasy bilen düşündirdi.

05082025-oon-konferentsiya-lldc-avaza-turkmenistan (1).jpg

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde duran wezipeler bu meseleleri çözmek ýollaryny tapmakdan ybaratdyr. Gürrüň bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasy we onuň amaly netijeleri arkaly täze onýyllyk meýilnamalary baradadyr diýip, Gutteriş belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Filemon Ýang öz çykyşynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň ýetip gelýän möhleti hem-de aýgytly çözgütleriň zerurlygy we köptaraplylyga ygrarlylygy barada ýatlatdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy BA-nyň ýaňy-ýakynda şeýle döwletleriň meseleleri barada Halkara maglumat gününi döredendigini aýtdy. Bu sene her ýyl 6-njy awgustda belleniler. Şeýle hem Ýang Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň monitoringiniň hem-de onuň 2029-ny ýyla çenli synynyň taýýarlanylmagynyň wajyplygy barada belläp geçdi.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň başlygy (EKOSOS) Lok Bahadur Tapa Awazadaky maslahatda çykyş etmek bilen, forumyň ösüş ýolunda gurluşlaýyn päsgelçilikleri ýeňip geçmäge synanyşýan 32 ýurt üçin “aýgytly pursat” bolup durýanygyny aýtdy.

05082025-oon-konferentsiya-lldc-avaza-turkmenistan (2).jpg

Az ösen we deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hasaplanylýan Nepalyň adyndan çykyş edip, Tapa sebitleýin hyzmatdaşlygyň we durnukly ulag ulgamynyň wajyplygy barada belledi.

Ol Türkmenistana öňdebaryjylyk üçin minnetdarlyk bildirip, EKOSOS-yň Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda azyk howpsuzlyk bilen baglanyşykly meselelerine, ýaşlaryň ornunyň giňeldilmegine we howanyň üýtgemegine garşy göreşde ygrarlylygyny tassyklady.

Esasy çykyş edenleriň pikirine görä, umumy wezipe bu deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlara şeýle kynçylyklary täze mümkinçiliklere öwürip biljek täze onýyllyk meýilnamalarynyň başlangyjydyr.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: