Geografiýany böwetden köprä öwürmek – Gutteriş iş üçin dört sany ileri tutulýan ugry atlandyrdy
05.08.2025 | 18:20 |5-nji awgustda Awazada açylan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynda Baş sekretar Antoniu Gutteriş öz çykyşyny mähirli kabul edişlik we bu möhüm maslahatyň geçirilmeginde öňdebaryjylyk üçin Türkmenistanyň hökümetine we halkyna minnetdarlygy bilen başlady. Ol forumyň esasy maksadyny kesgitledi: esasgoýujy ýörelgäni tassyklamakdyr, muňa görä geografiýa ösüş üçin böwet bolmaly däl.
Gutteriş deňze çyklagasy bolmadyk 32 ýurt üçin geografiýanyň öňküsi ýaly hem düýpli kynçylyklary döredýändigini belledi:
• Ýokary söwda päsgelçilikleri we çykdajyly ulag ugurlary.
• Dünýä bazarlaryna çäkli çykalga.
• Çig-malyň eksporta baglylygy we bergidärlyk agramyň ösmegi zerarly gowşaklyk.
• Adalatsyz ykdysady arhitekturanyň we kolonializmiň mirasynyň netijesi bolan düýpli global deňsizligi.
Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutýan dört ugry
Gutteriş bu maslahat meseleler barada däl, eýsem bu meseleleriň çözgütleri baradadygyny aýtdy. Onuň maksady Hereketleriň Awaza maksatnamasy arkaly “täze onýyllyk meýilnamalary” işe girizmekdir. LLDC ýurtlaryň durnukly ösüş mümkinçiliklerini dolulygyna açmak üçin Baş sekretar bilelikdäki işiň dört ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi:
1) Gurluşlaýyn transformasiýany we ykdysady diwersifikasiýany çaltlaşdyrmak
Işleýiş senagatyna we innowasiýalara uly maýa goýumlaryna ünsi jemlemek zerurdyr. Esasan hem, aýallaryň we oba ilatynyň arasynda sanly infrastrukturanyň we sanly sowatlylygyň ösüşi esasy element bolmaly. Sanly gurallar fiziki böwetleri ýeňip geçmäge hem-de global bazarlaryna çykalga mümkinçiligini açyp bermäge ýardam berer.
2) Söwdanyň, üstaşyr daşamalaryň we sebitleýin özara baglanyşygyň berkidilmegi
Infrastukturanyň “apparat” (ulag geçelgeleri, energetika torlary) we “maksatnamalaýyn” (düzgünleriň ýeňilleşdirmegi, standartlaryň garmonizasiýasy) bölegine maýa goýum çekmek zerurdyr. Gutteriş şeýle ýurtlaryň zerurlyklaryny has gowy açyp görkezmek üçin dünýä söwda ulgamyny özgertmäge hem-de üstaşyr döwletler bilen aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çagyrdy.
3) Howa bilen baglanyşykly hereketleriň güýçlendirilmegi
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň dünýä zyňyndylarynyň 3 % çykarýandyklaryna garamazdan, olar howa çökgünliginden deň bolmadyk ýagdaýda örän agyr ejir çekýärler. Baş sekretar uýgunlaşmak üçin howa maliýeleşdirilmegini iki esse ösdürmäge, irki duýduryş ulgamlaryna maýa goýum çekmäge we geçiriljek COP30 maslahatyna uly meýilnamalar bilen çemeleşmäge çagyrdy. Ol “ýaşyl geçişiň” bu ýurtlar üçin başlangyç nokady bolup biljekdigini aýtdy.
4) Maliýeleşdirmegiň we hyzmatdaşlyklaryň mobilizasiýasy
Gutteriş global maliýe ulgamynyň öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýändigini belledi. Ol köptaraplaýyn ösüş banklarynyň karz mümkinçilikleriniň üç esse ýokarlandyrylmagyna, garaşsyz berginiň arhitekrurasynyň özgerdilemegine we global salgyt hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretary deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň üstünlikleriniň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň üstünliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Ol halklary, bazarlary we medeniýetleri birleşdirip, hemmeler üçin adalatly we durnukly geljegi gurmaga mümkinçilik berjek geografiýany böwetden köprä öwürmäge çagyrdy.
ORIENT