Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
06.08.2025 | 12:03 |2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Artur Erkeniň ýolbaşçylygyndaky Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistan bilen IOM-yň arasyndaky möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň migrasiýa syýasatyny berkitmekde işjeň we konstruktiw pozisiýany eýeleýändigi hem-de ýurdumyzyň düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmäge ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Türkmenistanyň halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Onuň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň IOM-yň taslamalaryna işjeň gatnaşmagy dowam etdirmäge meýilliligi nygtaldy.
ORIENT