Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow we Antoniu Guterriş Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy tassykladylar

05.08.2025 | 01:07 |
 Serdar Berdimuhamedow we Antoniu Guterriş Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy tassykladylar

4-nji awgustda Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu ýokary derejeli myhmanyň sapary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmagy bilen baglydyr.

Guterrişi garşylap, döwlet Baştutany, maslahata gatnaşýandygy üçin Baş sekretara minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti forumyň 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketler maksatnamasyny deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerine üstünlikli durmuşa geçirmäge kömek etjekdigine ynam bildirdi.

Antoniu Guterriş, öz gezeginde, Türkmenistana täzeden gelendigine şat bolandygyny belledi. Baş sekretar türkmen tarapynyň möhüm meseleleri çözmäge işjeň çemeleşmegine ýokary baha berip, Türkmenistany parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde BMG üçin esasy strategiki hyzmatdaş diýip atlandyrdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar 2025-nji ýylyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şu ýyl BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary Awazada geçirilýän bu maslahatyň ýer şarynda durnukly ösüşe ýetmekde, özara baglanyşygy üpjün etmekde we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanýan ösüşine we onuň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bu mümkinçilikleriň bütin adamzadyň bähbidine ulanylýandygyny nygtady.

ORIENT

Foto: news.un.org

Şeýle hem okaň: