Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy
04.08.2025 | 22:20 |Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon 4-nji awgustda Türkmenistana BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji masahatyna gatnaşmak üçin geldi.
Turkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde, Emomali Rahmony Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.
Geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Täjigistanyň Prezidenti iki dostlukly ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň we doganlyk gatnaşyklarynyň köp sanly ugurlary boýunça möhüm pikir alyşdy. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin möhüm ugurlara uly üns berildi.
Şeýle hem sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
Emomali Rahmon Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmak mümkinçiligine hoşallyk bildirip, türkmen doganlaryna bu möhüm halkara maslahatda üstünlikleri arzuw etdi, diýip Täjigistanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berildi.