Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine garadylar

04.08.2025 | 20:40 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine garadylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherine sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmegi bilen gutlady we sebitimiziň durnukly ösüşi üçin gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm ähmiýetini aýratyn belledi.

Taraplar şu ýylyň aprel aýynda Samarkantda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek nukdaýnazaryndan türkmen-özbek gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostluk, ynanyşmak we umumy gyzyklanmalara, ähli derejelerde netijeli we işjeň aragatnaşyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşi bellenildi. Ýylyň başyndan bäri söwda dolanyşygy 600 million dollara ýetdi. Senagat, energetika, ulag, oba hojalygy we suw hojalygy we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýarýar.

“Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy bilelikde döredilýär şeýle hem sebitara gatnaşyklar we ynsanperwer ugurda alyş-çalyşlar ösdürilýär.

Öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlyk görmegiň çäklerinde hökümetara toparlaryň, işewürler geňeşiniň, sebitler forumynyň we birnäçe medeni çäräniň geçirilmegine garalýar.

BMG-niň maslahatynyň we şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi boýunça giňişleýin pikir alşyldy diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berilýär.

ORIENT

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: