Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Türkmenbaşa geldi
04.08.2025 | 12:25 |2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri jenap Feýisa Alemu Simeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.
Wekiliýeti alyp gelen uçar Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhman we wekiliýetiň agzalary türkmen topragynda däp bolan myhmansöýerlige laýyklykda mähirli garşy alyndy.
Efiopiýanyň wekiliýetiniň bu möhüm foruma gatnaşmagy ulag we logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem ol deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly goşant goşar.
ORIENT