Rumyniýa türkmen kompaniýalarynyň sergilere we ýarmarkalara gatnaşmaklaryna gyzyklanma bildirýär
05.08.2025 | 15:18 |2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Rumyniýanyň Konstansa şäherinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annýew bilen Konstansa Söwda, senagat we oba hojalygy palatasynyň Baş direktory hanym Ruksandra Sereskunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga palatanyň degişli bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar, bu iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.
Ilçi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň umumy synyny ýetirip, durnukly ösüşi we hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlary — energetika, logistika, gurluşyk, dokma senagaty, oba hojalygy we maýa goýumlary belledi.
Daşary ykdysady hyzmatdaşlyk üçin platforma bolup hyzmat etjek Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy (TSSP), hem-de 27 müňden gowrak hususy kärhanany birleşdirýän Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşigi (TSTB) barada hem giňişleýin maglumat berildi we bu edaralaryň agrar, logistika we senagat taslamalary ugrunda daşary ýurt maýa goýumlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellendi.
Rumyn tarapyna TSSP we TSTB bilen gönüden-göni gatnaşyklara başlamak, özara düşünişmek hakyndaky ylalaşyklary baglaşmak, bilelikdäki işewürlik geňeşlerini döretmek, işewürlik forumlaryny gurnamak we wekiliýet alyşmak teklip edildi.
Hanym Seresku ylalaşyk baglaşmaga taýýardygyny aýtdy we degişli teklipleriň tiz wagtda gowşuryljakdygyny habar berdi. Şeýle hem, Konstansa şäherinde geçirilýän sergilerde we ýarmarkalarda türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklary institusional taýdan kämilleşdirmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň gönüden-göni gatnaşyklaryny güýçlendirmek zerurlygy bellendi.
ORIENT