Mahaçkalanyň porty Türkmenistan bilen gämi gatnawyny ýola goýar
05.08.2025 | 11:33 |Mahaçkalanyň deňiz söwda porty 2030-njy ýyla çenli Türkmenistan, Eýran we Gazagystan bilen gämi aragatnaşygyny ýola goýmagy meýilleşdirýär, bu bolsa Hazar sebitiniň ulag mümkinçiliklerini ep-esli giňeltmäge şert döreder.
Täze demir ýol we awtoulag ugurlarynyň işe girizilmegine taýýarlyk görmegiň çäginde portda giňişleýin infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi portuň ýyllyk ýük dolanyşygyny 2 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berer, şeýlelik bilen logistika amallarynyň netijeliligi ýokarlandyrylar.
Ýükleriň gyssagly işlenip düzülişi üçin, portda bir wagtyň özünde 200 konteýneri ýerleşdirmäge niýetlenen ýörite meýdança dörediler. Bu çözgüt, ýükleri ýüklemek we düşürmek işlerini optimizasiýa etmäge we portuň halkara hyzmatdaşlary üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga kömek eder. Mahaçkalanyň deňiz söwda porty — Russiýanyň Hazar deňzindäki doňmaýan we çuň suwly portudyr.
Port Russiýanyň günortasyndaky ulag ulgamynyň Merkezi Aziýa döwletleri, Eýran, Günorta Kawkaz we sebitiň beýleki ýurtlary bilen strategik ähmiýeti bolan möhüm aragatnaşyk zynjyrydyr.
ORIENT