Iň täze habarlar

Eýran Türkmenistan bilen ulag geçelegelerini ösdürmek we sebit üstaşyr daşamalary güýçlendirmek boýunça pikir alyşar

05.08.2025 | 10:57 |
 Eýran Türkmenistan bilen ulag geçelegelerini ösdürmek we sebit üstaşyr daşamalary güýçlendirmek boýunça pikir alyşar

Eýran üç yklymyň merkezinde ýerleşýän özboluşly geografik aýratynlygynyň netijesinde sebitleýin merkez hökmünde üstaşyr daşamalar ulgamy boýunça goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Eýran üstaşyr daşamalar ulgamy boýunça möhüm geografik orna eýe bolup, goňşy we sebitleýin ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny Eýranyň Birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref, Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmezden öň habar berdi. "Eýranyň bu ýurtlar bilen gowy gatnaşyklary bar, we bu saparyň maksady – hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy, hususan-da, ulag we logistika ugurlarynda gepleşikleri geçirmekdir" – diýip, Mohammad Reza Aref aýtdy.

Eýranyň Aziýa, Ýewropa we Afrika yklymlarynyň arasynda ýerleşýändigi sebäpli, ol 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin ygtybarly sebitleýin merkez bolup biljek, olaryň 8-i Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada ýerleşýär. Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi sebitdäki ähli ýurtlar üçin peýdaly bolar, diýip, IRNA döwlet habarlar agentligi onuň sözlerini getirýär.

Bu we beýleki meseleleri Aref, Türkmenistana saparynyň çäginde ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär, şeýle hem onuň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen, Türkmenistanyň ýolbaşçylary we beýleki döwlet baştutanlary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.

ORIENT

Foto: balkanshipyard.com.tm

Şeýle hem okaň: