Iň täze habarlar

Türkmenistan we ÝUNISEF çagalaryň bähbidi üçin hyzmatdaşlygyň täze ädimleri barada ylalaşdylar

04.08.2025 | 16:22 |
 Türkmenistan we ÝUNISEF çagalaryň bähbidi üçin hyzmatdaşlygyň täze ädimleri barada ylalaşdylar

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň meýdançasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri bilen halkara guramalarynyň wekilleriniň, daşary ýurtly döwlet işgärleriniň arasynda köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýär.

04082025-turkmenistan-yunisef-sotrudnichestvo-avaza (2).jpg

Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa bilen ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Kitti van der Heýdeniň arasynda söhbetdeşlik boldy.

Gepleşikleriň esasy temasy çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny goramak ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boldy. Taraplar saglygy goraýyş, ýokary hilli bilim we durmuş taýdan gorag ulgamyndaky bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mundan beýläkki ädimleri beýan etdiler.

04082025-turkmenistan-yunisef-sotrudnichestvo-avaza (1).jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: