Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahatynyň öňüsyrasynda Ýaşlar forumy açyldy
04.08.2025 | 11:35 |4-nji awgustda Awazada 5-8-nji awgust aralygynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna (LLDC3) bagyşlanyp, Ýaşlar forumy öz işine başlady.
Forum 32 LLDC3 ýurtlarynyň ýaşlarynyň, BMG-ä agza-döwletleriniň, halkara guramalarynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasyndaky dialog üçin meýdança boldy. Çärä LLDC Ýaşlar konsultatiw toparynyň agzalary, BMG-niň wekilleri we işjeň agzalary gatnaşýar.
Forumyň esasy netijesi bolup “LLDC ýurtlarynyň geljegi üçin köprileri gurýarys” atly Ýaşlar jarnamasynyň gol çekilmegi bolar. Resminama Halkara ýaşlar guramalarynyň komiteti (ICMYO) tarapyndan hem-de Iri ýaşlar bileleşikler topary (MGCY) we BMG-niň LLDC meseleleri boýunça Ýokary wekiliniň müdiriligi (UN-OHRLLS) bilen hyzmatdaşlykda işläp taýýarlandy.
Forumyň esasy maksatlary – LLDC üçin täze Hereketleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýaşlary çekmekden, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tejribe alyşmakdan, deňze çyklagasy bolmadyk ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen çözgütleri we başlangyçlary işlemekden ybaratdyr.
Forumyň barşynda howa meseleleri, sanly transformasiýa, ynanyşmagy berkitmek we demografiýa diwidendi ulanmak boýunça tematiki bölümçeler geçirilýär. Ýaşlar guramalarynyň wekilleri täze Hereketleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak boýunça öz taslamalary, başlangyçlary we teklipleri bilen paýlaşýarlar.
Çäräniň esasy pursady BMG-niň Baş sekretaryna ýaşlaryň öz ýurtlarynyň durnukly ösüşine goşant goşmaga isleginiň nyşany hökmünde Ýaşlar jarnamasynyň berilmegi bolar.
ORIENT