Iň täze habarlar

OpenAI: çykdajylaryň artmagyna garamazdan ýyllyk girdejisi $12 milliarda ýetdi

02.08.2025 | 16:20 |
 OpenAI: çykdajylaryň artmagyna garamazdan ýyllyk girdejisi $12 milliarda ýetdi

OpenAI kompaniýasynyň ýyllyk girdejisi $12 milliard boldy. The Information neşiriniň maglumatlaryna görä, bu görkeziji 7 aýyň içinde iki esse ýokarlandy, häzirki wagtda aýlyk girdeji $1 milliarddan gowrak.

Girdejiler bilen birlikde çykdajylar hem artýar. Ilkibaşda, OpenAI ýylyň dowamynda $7 milliard sarp etmegi meýilleşdiripdi, emma indi bu mukdar $8 milliarda çenli artdy. Bu çykdajylaryň esasy sebäbi, kompaniýanyň baştutany Sem Altman tarapyndan öňe sürülýän giň möçberli emeli aň ulgamynyň infrastrukturasyny döretmek boýunça eden uly meýilnamalarydyr.

Häzirki wagtda OpenAI, ösüşi üçin $30 milliard möçberinde maýa çekmek üçin ikinji maliýeleşdirme tapgyryna taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, SoftBank kompaniýasy tapgyrlaýyn $32 milliard maýa goýmagy meýilleşdirýän bolsa-da, häzirki wagtda beýleki maýadarlar, şol sanda Sequoia Capital we Tiger Global Management, $7,5 milliardy aýryp bermäge taýýardygyny bildirdiler. Çykdajylary henizem girdejilerden ýokary bolsa-da, OpenAI kompaniýasyna bolan maýadarlaryň gyzyklanmasy ýokarlanýar.

ORIENT

Foto: fortune.com

Şeýle hem okaň: