Nvidia köne wideo kartlar üçin täze draýwerleri öndürmegi bes edýär
01.08.2025 | 17:00 |Nvidia kompaniýasy, Maxwell, Pascal we Volta arhitekturalarynda öndürilen wideo kartlar üçin täze Game Ready draýwerleriniň çykarylmagyny bes edýändigini mälim etdi. 2025-nji ýylyň oktýabrynda soňky drýawer çykarylandan soň, bu önümler diňe üç ýylyň dowamynda, 2028-nji ýyla çenli, her çärýekde howpsuzlyk täzelenmeleri alar.
Bu karar, esasan, GeForce GTX 900 (Maxwell) we GeForce GTX 10 (Pascal) seriýalaryndaky wideo kartlaryna degişlidir. 900-nji seriýanyň kartlary häzirki wagtda oýun ulgamlarynda az duş gelse-de, 10-njy seriýadan GTX 1070, GTX 1080 we GTX 1080 Ti modelleri henizem oýunçylar tarapyndan giňden ulanylýar. Volta arhitekturasynda öndürilen Titan V öý wideo karty hem bu sanawa girýär.
Bu, ulanyjylara, köne wideo kartallaryň işini dowam edip, ýöne täze oýunlar üçin optimizasiýalaryň berilmejekdigini aňladýar. Esasan, olar häzirki zaman tehnologiýalaryny, meselem, şöhle trassirowkasy üçin hardware ýüklemesi (RT) we emeli aň esasyndaky DLSS kesgitlemesini ulanyp bilmezler, bu funksiýalar köp sanly AAA oýunlary üçin standartlara öwrüldi. Bu aýratynlyklar diňe Turing arhitekturasy we has soňky GPU-lar üçin elýeterlidir.
Nvidia Windows 10 üçin drýawerleri 2026-njy ýylyň oktýabryna çenli çykarjakdygyny mälim etdi. Bu, Microsoft kompaniýasynyň bu operasion ulgamyny resmi taýdan 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda goldawyny togtadyp, täze drýawerleriň bir ýyl dowam etjekdigini aňladýar. Windows 10 häzirki wagtda bazarda uly paýy eýeleýändigi üçin, bu üýtgeşme köp sanly ulanyja täsir eder.
ORIENT