Gologramma suratly VR äýnekleriň prototipi döredildi
01.08.2025 | 16:00 |Stenford uniwersitetiniň we Meta Reality Labs kompaniýasynyň alymlary galyňlygy 3 mm bolan VR äýnekleriniň prototipini döretdiler. Häzirki uly garnituralardan tapawutlylykda bu täze gajet ulanyjynyň gözüne adaty düz stereoskopik suratlary däl-de, gologrammalary geçirip görkezýär. Bu bolsa täsin derejede hakyky we tebigy täsirleri döretmäge mümkinçilik berýär.
Professor Gordan Wetsşteýniň sözlerine görä, gologramma tehnologiýasy VR tejribesine täze mümkinçilikleri açyp, ony has gyzykly we hakykata golaý edýär. Şeýle-de, täze äýnekler bazarda bar bolan ähli analoglardan has ykjamdyr.
Suratyň takyklygyny we durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin alymlar enjama AI esasly kalibrlik ulgamyny ornaşdyrdylar. Bu ulgam golografiki optikanyň esasy meselesini çözýär: giň görüş meýdanyny we giň surat meýdanyny şol bir wagtda saklaýar. Munuň netijesinde ulanyjy wirtual surata sereden wagty, fokusy ýitirmän, gözlerini erkin hereket etdirip biler.
Prototipiň esasy artykmaçlygy – diňe ýokary hilli surat däl, eýsem inçe çarçuwasydyr. Bu äýnekleri örän ýeňil edýär we olary uzak wagtlap aýyrman göz we boýun üçin zyýan ýetirmän dakynmak mümkinçiligini berýär. Emma kiçi ölçegler, işläp taýýarlaýjylar üçin täze tehniki meselelerini döredýär.
ORIENT