Türkmenistan we ÝHHG: parahatçylyk, ynanyşmak we durnuklylyk üçin hyzmatdaşlyk
30.07.2025 | 10:30 |1-nji awgustda ÝHHG-ä agza döwletleri Helsinki jemleýji namasyna gol çekilmeginiň 50 ýyllygyny belleýärler. Bu resminama Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň (ÝHHG) we soňra Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) esasgoýujy resminamasy boldy.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy we ilçi Jon MakGregoryň aýtmagyna görä, 1975-nji ýylda Helsinki namasynyň gol çekilmegi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklarynda möhüm ädim bolup, syýasy-harby, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny öz içine alýan toplumlaýyn howpsuzlyk çemeleşmesini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi.
Helsinki namanyň ýörelgeleri — döwletleriň deňhukukly özygtyýarlylygy, serhetleriň mizemezligi, dawalaryň parahatçylykly çözülmegi, adam hukuklaryna hormat goýulmagy we beýlekiler — häzirki wagtda ÝHHG-niň işiniň esasyny düzýär, bu dünýäniň bir milliarddan gowrak ýaşaýjysyny öz içine alýan howpsuzlyk boýunça iň uly sebitleýin guramadyr.
MakGregor ÝHHG-nyň 50 ýyl bäri dialoga we hyzmatdaşlyga esaslanýan işiniň, dawalaryň öňüni almakda, kanunlaryň hökmürowanlygyny ösdürmekde we agza döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmekde möhüm goşant goşandygyny nygtady. Ol bu ýörelgeleriň häzirki wagtda-da möhüm bolandygyny aýratyn belledi.
Helsinki namasynyň 50 ýyllygy bellenilýän ýylynda öz hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň ornuna aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanyñ başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etdi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygynyň bellemegine görä, ýurdumyz sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek üçin öz bitaraplyk derejesini işjeň ulanýar.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ileri tutulýan milli ugurlary göz öňünde tutup, Türkmenistana Guramanyň üç sany howpsuzlyk ölçegleri boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmäge goldaw bermegi dowam etdirýär.
Jon MakGregor, Türkmenistanda öz wezipesini tamamlamak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem Daşary işler ministrligine, konstruktiw hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlygyny bildirip, ýurdumyzyň Gurama we onuň alyp barýan işine hoşniýetli gatnaşygy barada belledi. Ol, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam edjekdigine we syýasy, ykdysady we ekologiýa ugurlarynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkitmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.