Iň täze habarlar

MA – HHR strategiki hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasy

27.07.2025 | 23:25 |
 MA – HHR strategiki hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasy

Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň çäginde ýaşaýan halklaryň ata-babalary, bir ylmy çaklama görä, biri-biri bilen goňşuçylykda ýaşanlarynda, Çyn-Maçynyň ýaşaýjylary bilen aragatnaşyk gurupdyrlar.

Biziň döwrümizden uzak döwürlerde türki halkalarynyň ata watany – Altaýdan Beýik göçüş işleri başlandy. Günorta-Günbatara göçüp gelen biziň umumy ata-babalarymyz täze ülkeleri– Parfiýany, Sogdianany, Horezmi esaslandyrypdyrlar. Emma bu hytaýlylar bilen gatnaşyklaryny bozmady – “Beýik Ýüpek ýoly” iki makro sebitiň halklaryny berk söwda gatnaşyklary bilen baglanyşdyrmagyny dowam edipdir.

Dinastiýa ýyl ýazgylarynda b.e öňki 138-nji ýylda imperator Wu-diniň buýrugy bilen ilkinji kerwen Hytaý imperiýasynyň gadymy döwürde atlandyrylyşy ýaly Çžyngonyň günbatarynda ýerleşýän ýerlere iberilendigi aýdylýar.Bu ilçi kerweni diýip atlandyrylypdyr.

Birnäçe ýyldan soň, b.e. öňki 121-nji ýylda başga bir kerwen ýolda düşdi. Bu gezek söwda kerweni boldy. Ol ýüpekleri, bürünç aýnalary we beýleki geň zatlary Günüň dogýan ýerlerin Fergana jülgesine eltýärdi. Biziň umumy ata-babalarymyz yslam dinini kabul edýänçä oňa ybadat edipdirler.

Şeýle-de bolsa, uzak ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa halklarynyň her biri Çyn-Maçyn bilen özbaşdak aragatnaşyk saklapdyr. Mysal üçin, häzirki Türkmeistanyň çäginde ýerleşýän gadymy Merwde hytaýly täjirler ahalteke bedewleri we olaryň halaýan iýmitleri – ýorunja bilen gyzyklanypdyrlar.

Ýeri gelende aýtsak, ahalteke bedewleri Çyn-Maçynda “asman” we “ganatly” atlar diýlip hormatlapdyrlar. Hytaý ynançlaryna görä hudaýlar Kunlun dagynda ýaşapdyrlar. Imperator bakylyga ýetmek üçin, ajaýyp atlar bilen şol ýere çykmalydy. Ony hytaýlylar ahalteke bedewlerinde görüpdirler...

Özbegleriň Samarkant şäherinden meşhur ýerli aýnalar Beýik ýüpek ýolunyň ugry bilen eltilipdir, ýagny olary Çyn-Maçyň ussalary owadan gap-gaçlary, bezegleri we ş.m.zatlary ýasamak üçin ulanypdyr. Merkezi Aziýada hytaýly söwdagärler ýüpek toplaryny üzüme (ozal Çyn-Maçynda ýokdy), ýerli ys beriji ösümliklerini (burç, gwozdika), bal, derman ösümlikleri we ş.m zatlara çalşypdyrlar.

Başga sözler bilen aýdylanda, söwda gatnaşyklary her bir halk bilen milli däp-dessurlary, tebigy şertleri we serişdeleri göz öňünde tutup, önümçilige mahsus bolan harytlara esaslanan dürli esasda guruldy. Ýöne taryhyň dowamynda iki siwilizasiýanyň – Merkezi Aziýanyň güýçli goňşusy bilen toplumlaýyn we özara ylalaşylan hyzmatdaşlygy hasaba alynmady.

Ýagdaýlar üýtgedi, halklarymyz, ykbalyň ähli garaşylmadyk ýagdaýlaryna garamazdan, alymlaryň “täze taryhy döwür” diýip atlandyran döwrüne çenli ýaşamagy başardylar. Hemişe bolşy ýaly – täze döwürler durmuşa täzeçe çemeleşmä çagyrdy. Eýýäm biziň günlerimizde “MA – Hytaý” atly iki uly sebitiň arasynda alty taraplaýyn özara gatnaşyklaryň mehanizmi işe girizildi. Bu waka 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde bolup geçdi we sebitleýin syýasatda we ykdysadyýetde täze ahypany açdy.

Täze format – Siandan Astana çenli

Bilermenler döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki ilkinji sammitini “taryhy” diýip atlandyrdylar. Ol hakykatdanam şeýle – bir tarapdan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki tarapdan ägirt uly Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde herketlendiriji boldy.

Umumy statistika – deňeşdirip bolmaýar. Aziýanyň iň uly döwleti Merkezi Aziýadan iki ýarym essä golaý uludyr. Bu tebigy mümkinçiliklere, serişdelere we ykdysady mümkinçiliklere gönüden-göni baglydyr. Netijede hem, geosyýasy täsire.

Emma şol bir wagtyň özünde, Merkezi Aziýa, görkezijileriniň ep-esli pesdigine garamazdan, strategiki taýdan eýeleýän orny netijesinde sebitleýin syýasatynda we ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär we “baýlyk” diýlip atlandyrylýan “tebigy gorlary” entek doly öwrenilmedi.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” täze formaty ilkinji gezek Sianda ilkinji gezek döredilen we synagdan geçen bolsa, 2025-nji ýylda Astanada geçirilen ikinji sammit diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen çäklenmän, iki sebitiň hem köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi. Mundan başga-da, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejesine geçendigini tassyklady.

Uzak möhletleýin maksatnamalarda iri infrastruktura taslamalaryny işe girizmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldilmek, 2030-njy ýyla çenli strategiýany taýýarlamak we beýlekiler bellenildi.

Halkara ýagdaýynyň durnuksyz, ählumumy bökdençlikleriň we dünýä ulgamynyň bölünişiginiň artýan şertlerinde bu dialog durnuklylygyň, netijeliligiň we birek-birege hormat goýmagyň sebitleýin ugry hökmünde ösýän özüne çekijiligini görkezdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Baştutanynyň hem-de HHR-niň Başlygynyň iki sammite gatnaşmagy simwoliki we amaly ähmiýete eýe bolup, ýylyň esasy sebitleýin wakalaryna öwrüldi.

Şeýle netijelere gelinmegine haýsy faktorlar esas berdi?

Ynanyşmagyň syýasy arhitekturasy – simwolizmden faktlara çenli

Astanadaky duşuşyga ilkibaşdan HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan iş äheňi berdi. Munuň özi bolsa goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk hytaý diplomatiýasy üçin strategiki taýdan ileri tutulýan ugurdygyny ýene bir gezek gezek tassyklady. HHR-niň Başlygynyň “hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege ynanyşmagy we strategiýalaryň sazlaşygyny pugtalandyrmagyň” zerurlygy baradaky sözleri tutuş gün tertibiniň ugruny kesgitledi.

Elbetde, “MA - Hytaý” formatynyň Sekretariatyň döredilmegi (häzirki wagtda HHR-iň Türkmenistandaky öňki ilçisi Sun Weýdun tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär) we daşary syýasat edaralarynyň derejesinde utgaşdyrylyşyny giňeltmek bilen strategiki dialogyň institusional mehanizmi hökmünde öz ornuny görnetin güýçlendirip başlady.

Sian sammitinden bäri iki ýylyň içinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 95 milliard dollara ýetdi. Takmynan 25 milliard dollarlyk 58 sany ylalaşyga gol çekildi.

Ýokary derejeli duşuşyk Astana Jarnamasyna, Hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyna, alyş-çalyşlary ýönekeýleşdirmek, söwdany höweslendirmek, logistika baglanyşyklaryny giňeltmek, şeýle hem ylym, tehnologiýa we bilim hyzmatdaşlygy ýaly 24 hökümetara we pudagara resminamasyna gol çekilmegi bilen tapawutlandy.

Halkara durnuksyzlyk döwründe “MA – Hytaý” formaty, daşardan basyşsyz ynama we deňlige esaslanýan konstruktiw dialogyň mysaly boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýratyn belläp geçdi:

“Biziň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygymyz tutuş Aziýada geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýär”.

Hyzmatdaşlygyň ulgamlaşdyrylan filosofiýasy

Gün tertibinde esasy orny Si Szinpin täze özara gatnaşygyň esasy ýörelgesi hökmünde teklip eden “Ýokary hilli ösüş” konsepsiýasy eýeledi. Hytaý lideri tarapyndan birnäçe gezek nygtalýan bu adalga sammitiň esasy düşünjeleriniň birine öwrüldi. Bu san görkezijilerinden durnukly, innowasiýa we tehnologiki ugurly hyzmatdaşlyga, şeýle hem ekologiýa taýdan jogapkärçilikli ösüşe geçmegi aňladýar.

Jikme-jik aýdyňlaşdyrmaga we klassifikasiýa şeýle isleg hytaý medeniýetiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Ol tertibe, iýerarhiýa we gurluşa uly ähmiýet berýän hytaý filososiýasynyň esasy hökmünde konfusiýançylyk däbinden gözbaş alýar.

Astanadaky duşuşyk wagtynda bu Si Szinpiniň beýleki adalgalar bilen ulgamlaýyn gatnaşyklara girýän adalgalaryň we ýakyn baglanyşykly düşünjeleriň toplumyny gurmaga bolan çemeleşmesinde ýüze çykdy. Şeýlelik bilen, biri-biri bilen baglanyşykly we biri-biriniň üstüni ýetirýän pikirleriň bitewi gurluşy emele gelýär.

Sammitiň esasy düşünjelerinden biri, Hytaýyň lideri tarapyndan yglan edilen, dört ýörelge esaslanýan “Merkezi Aziýa – Hytaý ruhy” boldy; Dostluk we hoşniýetlilik; Özara peýdaly ösüş; Raýdaşlyk we açyklyk.

Bu ruh, strategiki dialog üçin çarçuwalar döredýär ýagny geosyýasy basyşa, toparlaýyn pikirlenmä we bäsdeşlik üçin ýer ýok. Munuň ýerine deňhukuly we köptaraply hyzmatdaşlyk üçin giňişlik döredilýär. Netije:

“Bu ruh – köp nesiller üçin hyzmatdaşlygyň binýadydyr. Biz ony aýawly gorap saklamalydyrys we köpeltmelidiris”.

Türkmenistanyň goşandy – energetika, logistika, bitaraplyk

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana sammitiniň gün tertibine ulgamlaýyn başlangyçlaryň toplumyny girizdi. Olaryň biri – BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem bu konseptual çemeleşmeler boýunça geňeşmeleri başlatmak teklibidir.

Döwlet Baştutany, Türkmenistanyň ulag-logistika geçelgelerini ösdürmekde özara peýdaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny, türkmen bilen hytaý konsepsiýalarynyň tagallalaryny birleşdirip, özygtyýarlylyga hormat goýmagy we deňhukukly hyzmatdaşlygy tassyklady:

“Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli mümkinçilikleri umumy bähbitler üçin ýakynlaşmagyna we ulanylmagyna ýardam berýär”.

Döwlet Baştutany, innowasion hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berip, emeli aň, sanlylaşdyrmak, kosmos ylmy-barlag işlerini şeýle hem sebitleýin tehnologiýa bazaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow energetika pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmegi, şol sanda türkmen gazyny we elektrik üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagy, şeýle hem täze medeni meýdançany döretmegi teklip etdi.

Şu nukdaýnazardan, Si Szinpiniň “halklary ýakynlaşdyrmak syýasy çözgütleriň durnuklylygynyň açarydyr” diýip, aýdan sözlerini belläp geçmeldiris, bu türkmen döwletiniň Baştutanynyň “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyna laýyk gelýär:

“Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary – biziň halklarymyzyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň mizemez esasyny düzýär”.

Ählumumy dartgynlylyk şertlerinde halkara syýasatynyň gapma-garşylykly modellerine alternatiwa bolup, deňagramlylygy we durnukly ösüşiň gözlegine gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk diplomatiýasy:

“Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydyr, bilelikdäki ösüş, parahatçylyk, abadançylyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýar”.

Sebitiň geljegi – strategiki taýdan ýakynlaşmagyň dowamydyr

2025–2030-njy ýyllar üçin Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çaklamasy ykdysady integrasiýa, infrastruktura taslamalary we ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlykda möhüm ösüşi wada berýär.

Ykdysadyýet. Merkezi Aziýa sebiti bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2030-njy ýyla çenli çak edilşi boýunça 120-150 milliarda çenli artyp biler. Öňki sanlary we soňky iki ýylda söwda dolanyşygynyň + 35% ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, bu çaklamanyň amala aşmagy üçin hakykatdanam esaslar bar.

Infrastruktura: Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýolunyň taslamasynyň tamamlanmagy meýilleşdirilen (2027-nji ýylda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär), Hazar portlarynyň ösdürilmegi we logistika merkezleriniň döredilmegi ulag aragatnaşygyny ep-esli güýçlendirer we XXI asyryň Beýik Ýüpek ýolunyň ýene bir baglanyşygy bolar.

Energetika. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk, Türkmenistandan we Gazagystandan gaz we nebit üpjünçiliginiň artmagyny, şeýle hem gün we ýel elektrik stansiýalaryna maýa goýumlaryny öz içine alýar.

Tehnologiýalar. Tehnologiki hyzmatdaşlyk tehnologiýa parklarynyň döredilmegini, emeli aňyň ornaşdyrylmagyny we Merkezi Aziýada eýýäm peýda bolan we üstünlikli işleýän Lu Banyň ussahanasyna meňzeş programmalar arkaly işgärleri taýýarlamagy öz içine alýar.

Ynsanperwer ugur. Merkezi Aziýadan baran talyplar üçin Hytaý tarapyndan kwotalary köpeltmek meýilleşdirilýär, medeni alyş-çalşygyň we syýahatçylygyň, şol sanda lukmaçylygyň ösdürilmegi özara düşünişmegi has-da pugtalandyrar we halklary has ýakynlaşdyrar.

Howpsuzlyk esasy ugur bolmagynda galýar – Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üsti bilen Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we kiber jenaýatçylyga garşy göreşini güýçlendirer. Bu bolsa, tutuş sebit boýunça durnuklylygy pugtalandyrar.

…Sian we Astanadaky sammitler Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk we strategiki hasaplama, medeni ýakynlyk we durnukly ösüşe umumy gyzyklanma esasynda halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşini emele getirýändigini görkezdi.

Bu format beýleki integrasiýa başlangyçlaryna garşy däl, tersine – Ýewraziýanyň Gündogary bilen Günbatarynyň arasyndaky baglanyşyk hökmünde Merkezi Aziýanyň ornuny güýçlendirip, olaryň üstüni ýetirer.

“Merkezi Aziýa – Hytaý” hyzmatdaşlygy diňe bir sebitleýin meýdançasy bolman, eýýäm XXI asyrda durnukly dünýä arhitekturasynyň möhüm elementidigini ykrar etmegiň wagty geldi.

Bekdurdy AMANSARYÝEW,

TÜRKMENISTANYŇ DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi

Foto: EA tarapyndan döredilen illýustratiw şekil

Şeýle hem okaň: