Iň täze habarlar

Wnukowo we Kolsowo howa menzilleri pasport gözegçiligi üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrýarlar

29.07.2025 | 15:40 |
 Wnukowo we Kolsowo howa menzilleri pasport gözegçiligi üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrýarlar

Russiýanyň Smart Engines kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen resminamalary tanamak boýunça emeli aň tehnologiýalary indi Moskwadaky Wnukowo we Ýekaterinburgdaky Kolsowo howa menzillerinde işe girizildi. Bu howa menzillerinde awtomatlaşdyrylan pasport gözegçilik nokatlary peýda boldy.

Bu girizilen täzelik ýolagçylaryň barlagdan geçişini ep-esli çaltlaşdyrýar. Ýolagçy diňe pasportyny ýörite skanere golaýlaşdyrýar, we emeli aň algoritmleri resminamadaky maglumatlary tiz barlap, onuň hakykylygyny tassyklaýar. Bu tehnologiýa pasport barlagynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy bolan "Sapsan" ulgamyna integrirlenendir.

Barlag prosesi üçin Smart Engines kompaniýasynyň iki sany neýron ulgamy jogap berýär. Birinjisi — GreenOCR, ol belgileri we harplary tanamak bilen meşgullanýar: Russiýanyň halkara pasportyndan maglumatlary çykaryp, olary maglumat binýady bilen deňeşdirýär.

Ikinji neýron ulgamy — "Şerlok". Ol pasport sahypasyny görünýän, ultramelewşe we infragyzyl şöhle diapazonlarynda çuňňur seljerýär, gologrammalary we beýleki gorag elementlerini üns bilen barlaýar. “Şerlok” islendik derejedäki galplaşmalary — surat çalyşmalaryndan başlap, hatda deepfake görnüşindäki galp resminamalary hem ýüze çykarmaga ukyplydyr.

Smart Engines bellemegine görä, awtomatlaşdyrylan nokatlar diňe bir gözegçilikden geçişi çaltlandyryp, onuň aragatnaşyksyz görnüşini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem howpsuzlygy hem ep-esli ýokarlandyrýar. Bu ulgam hakyky däl ýa-da ýatyrylan resminamalaryň ulanylmagyna synanyşyk ýagdaýlaryny dessine ýüze çykaryp bilýär.

ORIENT

Foto: hi-tech.mail.ru

Şeýle hem okaň: