Iň täze habarlar

Tokioda Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan çagalaryň arasynda surat bäsleşigi geçirildi

30.07.2025 | 17:45 |
 Tokioda Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan çagalaryň arasynda surat bäsleşigi geçirildi

29-njy iýulda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde ýaş suratkeşler üçin möhüm çäre geçirildi. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy Ýaponiýanyň "Fudzisan Çidama" çagalar geňeşi bilen bilelikde çagalaryň arasynda surat bäsleşigini guradylar.

1

Çäre çagalary we "Fudzisan Çidama" geňeşiniň ýolbaşçylaryny ýygnap, olara Türkmenistan bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik hödürledi. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyny, ýurduň baý taryhyny, täsin tebigatyny, ajaýyp medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän prezentasiýalar görkezildi.

2

Günüň esasy wakasy bolsa bäsleşigiň özi boldy. Onda çagalar döredijilik başarnyklaryny görkezip, "2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň" garaýşyny suratlary arkaly beýan etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ähli ýaş suratkeşler gatnaşandygy üçin minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandy. Ýeňijilere bolsa ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çäre türkmen milli tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy. Bu bolsa çärä milli öwüşgin goşdy.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: