Iň täze habarlar

Ambiente Talents: Türkmen dizaýnerlerine çagyryş!

30.07.2025 | 22:00 |
 Ambiente Talents: Türkmen dizaýnerlerine çagyryş!

Interýer dizaýny we aksesuarlar boýunça işleýän kompaniýalary hem-de dizaýnerleri Frankfurtda (Germaniýa) geçiriljek Ambiente öý harytlary sergisiniň Talents promo-programmasyna gatnaşmaga çagyrýarys!

Interýer dizaýny, stol bezegi, aksesuarlar we bezeg harytlary bilen meşgullanýan ýaş dizaýnerler bu halkara sergä gatnaşmak üçin arza tabşyryp bilerler.

ambiente-talents-designers-2026 (9).jpg

“Talents” brendi bilen Messe Frankfurt ýaş dizaýnerlere, talyplara we täze gutaran hünärmenlere goldaw berýär. 2026-njy ýylyň 6–10 fewral aralygynda geçiriljek Ambiente sergisinde gatnaşyjylara şu mümkinçilikler hödürlenýär:

• ýörite bezelen ýerde öňdebaryjy, tölegsiz sergi meýdançasy,

• ýokary derejeli netwroking platformasy,

• pudagyň hünärmenlerinden direkt seslenme almak,

• iş we senagat wekilleri bilen täze iş gatnaşyklaryny ýola goýmak.

ambiente-talents-designers-2026 (8).jpg

Dizaýnerleriň dürli pikirleri we çözgütleri bilen baýlaşdyrylan Talents programmasy täze döredijilik mümkinçiliklerini açýar.

Ambiente – dünýäniň öňdebaryjy halkara sergisi

Ambiente – öý we interýer harytlary boýunça dünýäde iň uly halkara sergidir. Ol aşhana esbaplaryndan başlap, öý enjamlaryna, interýer dizaýnyna, sowgatlyk we moda aksesuarlaryna çenli giň ugurlary öz içine alýar.

2025-nji ýyldaky Ambiente sergisine 83 ýurtdan 4 000 gatnaşyjy gatnaşdy. Sergi dowamynda bäş günläp täze önümler, döredijilik pikirleri, hünär çäreleri, trend görkezmeleri we baýrak dabaralary geçirildi.

Has giňişleýin maglumat üçin: ambiente.messefrankfurt.com

ambiente-talents-designers-2026 (5).jpg

Nädip gatnaşmaly?

Promo-programmada gatnaşmak üçin onlaýn platforma arkaly hasaba alyş we taslamalaryňyzyň / işleriňiziň ýokary hilli fotosuratlaryny ýüklemek zerurdyr.

Üns beriň: Goldaw programmasynyň çäginde berilýän tölegsiz stend siziň tarapyndan bezelen bolmaly we sergi dowam edýän wagtynda doly şekilde işleýän ýagdaýda saklanylmalydyr.

Arza tabşyrmagyň soňky möhleti: 08.08.2025 Arzalar nireden ugradylyp bilner?

Türkmenistandaky kompaniýalar we dizaýnerler öz arzalaryny Messe Frankfurt-yň Türkmenistandaky resmi hyzmatdaşy – TurkmenExpo arkaly ugradyp bilerler. ambiente-talents-designers-2026 (7).jpg

Foto: ambiente.messefrankfurt.com

Şeýle hem okaň: