«Robot metabolizmi»: ABŞ-da ösüp bilýän we öz-özüni dikeldip bilýän robotlar işlenip taýýarlanyldy
18.07.2025 | 13:00 |ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetiniň hünärmenleri “robot metabolizmi” atly möhüm tehnologiýany işläp düzdi. Bu tehnologiýa robotlara ösmäge, şikeslerden soň dikelmäge hem-de daşky gurşawdan ýa-da beýleki robotlardan alynýan elementler arkaly “iýmitlenmäge" mümkinçilik berer. Biologiýadan ylham alan bu ýörelge, özbaşdak toplanyp bilýän we çylşyrymly gurluşlara öwrülýän Truss Link modul enjamlary arkaly işläp taýýarlandy. Mysal üçin, tetrasimetrik robot goşmaça modul bilen birleşdirilenden soň, hereket tizligini 66%-den gowrak ýokarlandyrdy.
Häzirki zaman robotlarynyň köplenç durnukly, uýgunlaşyp bilmeýän bedenleri bilen deňeşdirilende, “robot metabolizmi” maşynlaryň fiziki özbaşdaklygynyň täze döwrüni açýar. Professor Hod Lipsonyň pikiriçe, bu tehnologiýa geljekde halas ediş operasiýalaryndan başlap, kosmosyň çuň ýerlerine çenli dürli gurşawda ýaşap we uýgunlaşyp bilýän robot “ekoulgamlaryny” döretmäge tarap möhüm ädimdir. Alymlar robotlary bölekler bilen işleşmegi, komponentleri alyşmagy we özlerini adam kömegi bolmazdan dikeltmegi öwretmegi maksat edinýärler.
Özüni gaýtadan döredip bilýän we üýtgedip bilýän robotlar baradaky düşünje käbir ahlak soraglary döredýär we ylmy fantastikany ýada salýar. Muňa garamazdan, taslamanyň awtorlary bu innowasiýanyň amaly taýdan örän zerurdygyny belleýärler. Has kän wezipeler maşynlara ynanylýan döwründe, robotlaryň özlerini hyzmatda saklamaga we bejerip bilmäge ukyply bolmagy – geljekki awtonom ulgamlaryň meselelerine logiki we zerur jogap hökmünde garalýar.
ORIENT