Iň täze habarlar

"Belavia" Minskden Türkmenbaşy şäherine göni howa gatnawlaryny dikelder

08.08.2025 | 09:00 |
 "Belavia" Minskden Türkmenbaşy şäherine göni howa gatnawlaryny dikelder

"Belavia" awiakompaniýasy Minskden Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigi barada habar berdi. Uçuşlaryň wagtlaýyn geçirilen Balkanabat şäherine soňky gatnaw 9-njy awgustda amala aşyrylar. Eýýäm 11-nji awgustdan başlap uçarlar Türkmenbaşy şäherine gonarlar.

11-nji awgusta Türkmenbaşy şäherine biletleri awiakompaniýanyň saýtynda satyn alyp bolýar.

Ozal 20-nji maýdan gatnawlar Türkmenbaşy şäherinden 155 km uzaklykda ýerleşýän Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezi Balkanabat şäherine amala aşyrylýardy.

ORIENT

Foto: belavia.by

Şeýle hem okaň: