Iň täze habarlar

Bakuda Hazar deňziniň suw derejesiniň peselmegi boýunça bäştaraplaýyn ekspert toparynyň mejlisi geçiriler

07.08.2025 | 14:03 |
 Bakuda Hazar deňziniň suw derejesiniň peselmegi boýunça bäştaraplaýyn ekspert toparynyň mejlisi geçiriler

Bakuda Hazar deňziniň suw derejesiniň peselmegi boýunça bäştaraplaýyn ekspert toparynyň birinji mejlisi geçiriler.

Report-yň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň çäklerinde hazarýaka döwletleriniň hökümet wekilleriniň derejesindäki mejlisinde habar berdi.

Ol häzirki wagtda mejlisi geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň dowam etdirilýändigi barada belledi.

ORIENT

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: