Türkmenistanly mugallymlar we talyplar Hytaýda okuw geçýärler
07.08.2025 | 16:30 |Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de halkara tejribe geçmek maksatnamalaryna gatnaşmak üçin Hytaýa ugradylar. Okuw Şensi welaýatynyň Sian şäherindäki Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinde geçirilýär.
• Mugallym G. Rejepowa 2025-nji ýylyň 14-26-njy iýuly aralygynda hytaý dili mugallymlary üçin geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýar.
• Mugallym G. Baýramowa we hytaýşynas talyplar bolsa 2025-nji ýylyň 12-nji iýulyndan 10-njy awgustyna çenli ykdysadyýet we söwda boýunça halkara tejribesini geçýärler.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zaman okatmak usullary boýunça umumy sapaklar, şeýle hem amaly sapaklar geçirilýär. Mundan başga-da, gatnaşyjylar üçin Sianyň taryhy ýerlerine we ýadygärliklerine gezelençler guralýar, bu bolsa olara hytaý medeniýeti we däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Bu sapar mugallymlaryň we talyplaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge, şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
ORIENT