Iň täze habarlar

Meta bilen baglaşylan şertnamadan soň Scale AI-de uly göwrümli işden çykarmalar

18.07.2025 | 13:20 |
 Meta bilen baglaşylan şertnamadan soň Scale AI-de uly göwrümli işden çykarmalar

Maglumatlary bellik etmekde ýöriteleşen Scale AI atly başlangyç kompaniýasy takmynan 200 işgärini (14% golaý) işden boşadýar we 500 töweregi halkara hyzmatdaş bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär. Bu barada çarşenbe güni Bloomberg agentligi habar berdi. Bu çäreler Meta kompaniýasynyň Scale AI-e 14,3 milliard dollar maýa goýan we startap kompaniýanyň baş direktoryny işe alan pursatyndan bary-ýogy bir aý soň görülýär.

Bloomberg-iň maglumatyna görä, Scale AI-niň wagtlaýyn ýolbaşçysy Jeýson Droýj işgärlere kompaniýanyň maglumat bellik etmek boýunça esasy işini gaty çalt giňeldendigini düşündirdi. Bu ugurda kompaniýa emeli aň barlaghanalaryna modelleri öwretmek üçin zerur bolan bellikli we gurluşly maglumatlary hödürleýärdi.

Şol bir wagtda, Scale AI korporatiw we döwlet müşderilerine gönükdirilen satuw bölümlerine täze işgärleri işe almagy meýilleşdirýär.

Meta ýaly iri kompaniýalar tarapyndan satyn alynan beýleki emeli aň başlangyçlary ýaly, Scale AI hem özüne meşhurlyk getiren başlangyç işinden ýüz öwürmäge mejbur bolandygy ähtimal. Meta-nyň maýa goýumlaryndan soň, maglumatlar bilen işleşýän käbir möhüm müşderiler Scale AI bilen hyzmatdaşlygyny eýýäm bes etdiler.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: