Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 14 geleşik hasaba alyndy

15.07.2025 | 12:00 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar:  geçen hepde 14 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 14 geleşik hasaba alyndy.

Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernleriň tehnologik desgalarynda öndürilen esas ýagyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem hlorly natrini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna buýanyň arassalanmadyk we guradylan köki we kök baldaklary, boýalan mata we erkek köýnekler, portlandsement ýerlenildi. Satyn alyjy ýurtlar: Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy 1 mln 471 müň ABŞ dollaryndan geçýär.

Içerki bazara umumy bahasy 5 mln 818 müň manatdan geçýän buýan köküniň goýaldylan ekstrakty, esas ýagy, gazbeton bloklary, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy we çökündisi satyn alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: