Haçan-da geografiýa bölünmese, pikirler, söwda we innowasiýa birleşýär
08.08.2025 | 20:40 |8-nji awgustda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Jemlerini jemläp, gatnaşyjylar mälim etdiler: Awaza “batyrgaý hyzmatdaşlygyň we kesgitleýji hereketiň täze ruhunyň” ýüze çykan ýeri hökmünde taryhda galar. Forumyň esasy netijesi Awaza Hereketleriň maksatnamasy we syýasy Jarnamasy boldy. Indi esasy wezipe – “geografiýany päsgelçilikden köprä öwürmek” bu pikirleri durmuşa geçirmek.
Bäş esasy ileri tutulýan ugur: Infrastrukturadan howa çenli
Duşuşykda üstünde alnyp baryljak işler boýunça bäş esasy ugur kesgitlenildi:
Geografiýany we infrastrukturany ýeňip geçmek. Esasy wezipe – söwdany bökdeýän “geografiýa duzagyny” ýok etmekdir. Munuň üçin, hususy maýany çekmäge mümkinçilik berjek infrastruktura maýa goýumlaryny maliýeleşdirmegiň ýörite mehanizmini döretmek teklip edilýär. Erkin üstaşyr geçiriş boýunça Ýokary derejeli topar hem kanuny kadalaryň amaly gurallara öwrülmegini üpjün eder.
Ykdysady we önümçiligiň ösüşi. Wezipe – 2034-nji ýyla çenli bu ýurtlaryň jemi içerki önüminde önümçilik, hyzmatlar eksporty we ýokary tehnologiýaly pudaklaryň paýyny iki esse artdyrmakdyr. Esasy iş beriji bolup galýan oba hojalygyny goldamak üçin hasyllygyny ýokarlandyrmak üçin howanyň durnukly çözgütlerini hödürleýän sebitleýin ylmy-barlag merkezleri dörediler.
Ählumumy söwdada integrasiýa. BSG-niň söwdany ýeňilleşdirmek boýunça Ylalaşygynyň ýerine ýetirilişini çaltlaşdyrmak möhümdir. BSG-niň DÇBÖBD üçin maksatnamasy ählumumy söwda çekişmelerinde olaryň sesini güýçlendirer we üstaşyr amallaryny işjeňleşdirmäge ýardam eder.
Howanyň durnuklylygy üçin çeşmeleri jemlemek. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we çydamlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen DÇBÖBD-ler üçin täze Howa boýunça gepleşik topary dörediler. Şunuň ýaly öňe gidiňlik, bu ýurtlara ählumumy gepleşiklerde bir wezipe bilen çykyň etmäge mümkinçilik berer.
Ygtybarly maliýeleşdirmek. Bu maksatlaryň hemmesine ýetmek üçin halkara maliýe arhitekturasy DÇBÖBD-leriň gyzyklanmalaryna işlemeli. Bu resmi ýardamyň, howanyň maliýeleşdirilmeginiň gerimini we ýeňillikli karzlara elýeterliligiň ýokarlandyrylmagy aňladýar.
Jogapkärçilik, hyzmatdaşlyk we innowasiýa
Birleşen Milletler Guramasy Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine doly goldaw berýändigini mälim etdi we indiki ädim bolsa – anyk netijeler bilen “ýol kartasyny” düzmek we ösüşi yzarlamak mehanizmi.
Sözüniň ahyrynda gatnaşyjylar Awazadaky Maslahatyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň güýjüniň aýdyň görkezilýändigini bellediler. Hökümetleri, hususy pudagy, ýaşlary we raýat jemgyýetini umumy bir maksada jemledi: deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary geografiýa boýunça bölünmeýän, täze pikirler, söwda we innowasiýa bilen baglanyşykly geljegi gurmak.
Indi “özara birikdirilen ýerleri” diňe bir sözlem däl, eýsem täze durmuş ýörelgelerine öwürmek etmek baradaky wadany ýerine ýetirmeli.
ORIENT